Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ABŞ-ly esger öldi


Owganystanyň Ghazni-Paktika magistral ýoly. Arhiw suraty.
Owganystanyň Ghazni-Paktika magistral ýoly. Arhiw suraty.

Owganystanda geçen hepde köçe ýaka parlamasynda ýaralanan ABŞ-ly dördünji esger aradan çykdy.

24 ýaşly seržant Jason Mitçel MakKlary 2-nji dekabrda ABŞ-nyň Germaniýadaky harby keselhanasynda ýogaldy diýip, Pentagon maglumat berdi.

Owganystanda şu ýylyň hasabyna ABŞ-ly 13 esger öldi.

27-nji noýabrda Ghazni şäheriniň golaýynda amala aşyrylan bombaly hüjümde ABŞ-nyň üç harby gullukçysy heläk bolupdy. Hadysada üç esger, şol sanda MakKlary hem ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG