Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jorj Buşuň jesedi ABŞ-nyň Kapitolyna eltildi


Buşuň tabydy ABŞ-nyň Kapitolynda 5-nji dekabra çenli saklanar.
Buşuň tabydy ABŞ-nyň Kapitolynda 5-nji dekabra çenli saklanar.

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jorj Buşuň (George Bush) jesedi Waşingtondaky ABŞ-nyň Kapitolyna eltildi. Ol bu ýerde jaýlanyş mirasymyna çenli saklanar.

ABŞ-nyň 41-nji prezidenti 30-njy noýabrda Teksasda aradan çykypdy. Ol 94 ýaşyndady.

Buşuň tabydy ABŞ-nyň Kapitolynda 5-nji dekabra çenli saklanar. Mundan soň, ol Waşingtonyň Milli Katedralyna geçiriler. Ol ýerde daşary ýurtly wekilleriň we ABŞ-nyň ozalky prezidentleriniň gatnaşmagynda döwletiň jaýlanyş mirasymy geçiriler.

Çärede Buşuň ogly, ozalky prezident Jorj W. Buş (George W. Bush) söz sözlär.

Buşuň maşgalasyny açyk tankytlan prezident Donald Tramp hem çärä gatnaşar, emma çykyş etmez.

Mundan soň, 6-njy dekabrda Buş Houstondaky prezident kitaphanasynda aýaly Barbaranyň we gyzy Robiniň gapdalynda jaýlanar.

Buş 1989-1993-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň prezidenti bolupdy. Ol Ikinji Jahan urşy döwri harby uçarda uçdy we 1970-nji ýyllarda Merkezi Aňtaw Agentliginiň direktory boldy.

Buş Parkinson keselinden ejir çekipdi.

Türkmen prezidenti Buşuň aradan çykmagy zerarly Donald Trampa gynanç hatyny ýollady.

XS
SM
MD
LG