Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň raketa synaglaryny maslahat edýär


Eýranyň Saýýad 2 kysymly raketlary.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda Eýranyň soňky raketa synaglary maslahat ediler. ABŞ we beýleki ýaranlar synaglaryň Geňeşiň üç ýyl ozal kabul eden rezolýusiýasyna çapraz gelýändigini aýdýarlar.

Fransiýa geçen hepdäniň aýagynda geçirilen synaglary “öjükdiriji we durnuksyzlaşdyryjy” diýip atlandyrdy. Ol synaglaryň 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygynyň bir bölegi hökmünde kabul edilen 2231 belgili rezolýusiýa “çapraz” gelýändigini hem belledi.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Jeremy Hunt hem synaglary “öjükdiriji, howp abandyryjy” atlandyrdy.

Tähran özüniň raketa programmasynyň diňe goranmak maksatlaryna gönükdirilendigini öňe sürýär.

Duşenbe güni ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekili Braýan Hook (Brian Hook) Ýewropa Bileleşigini Tährana garşy täze sanksiýalary girizmäge çagyrdy.

Mundan öň, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýranyň raketalarynyň Ýewropanyň böleklerini we Ýakyn Gündogardaky islendik ýeri urmaga ukyplydygyny aýdypdy.

Maýda ABŞ 2015-nji ýyldaky Ýadro ylalaşygyndan çykyp, Tährana garşy sanskiýalary ýaňadandan girizdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG