Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystan iki raýatynyň internet galplygynda aýyplanýandygyny tassyklady


Maglumata görä, aýyplanýanlaryň hereketleri netijesinde kompaniýalar onlarça million dollar möçberinde ýitgi çekipdirler.

Gazagystan iki raýatynyň ABŞ tarapyndan internetde galplyk etmekde aýyplanýandygyny tassyklady.

Daşary işler ministrligi gazak raýatlary Sergeý Owsýannikowyň we Ýewgeniň Timçenkonyň, ABŞ-nyň tussag etmek baradaky arzasy esasynda, degişlilikde Malaýziýada we Estoniýada ele salnandyklaryny aýtdy.

ABŞ-nyň Adalat departamenti Owsýannikowyň, Timçenkonyň we başga-da alty rus raýatynyň adamlaryň şahsy maglumatlaryny ogurlamak, kompýuterlere döwüp girmek, pul serişdelerini ýuwmak ýaly jenaýatlarda aýyplanýandyklaryny mälim etdi.

Maglumata görä, aýyplanýanlaryň hereketleri netijesinde kompaniýalar onlarça million dollar möçberinde ýitgi çekipdirler.

Aýyplaýan rus raýatlarynyň biri Aleksandr Žukow Bolgariýada tussag edildi. Beýlekileri häzirlikçe ele salmak başartmady.

Russiýanyň Nýu-Ýorkdaky konsulhanasy alty rus raýatyna bildirilen aýyplamalar barada habardar edilendigini we ýagdaýlara gözegçilik edýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG