Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow senagat pudagyna gözegçilik edýän resmisine ‘berk käýinç’ yglan etdi


Kerim Durdymyradow

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň senagat pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Kerim Durdymyradowa “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme esasynda “soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç” yglan etdi.

Şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijelerine nägilelik bildirdi.

Berdimuhamedow pudagyň mümkinçilikleriniň ýeterlik peýdalanylmaýandygyny hem belledi.

Mundan bir gün öň, Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowa “ýurduň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmek” boýunça tabşyryk beripdi.

Häzir Türkmenistan agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär. Mundanam başga, ýurtda un, ýag, şeker ýaly zerur harytlaryň gytçylygy hem dowam edýär.

XS
SM
MD
LG