Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri bir hepde öň guýlan beton germewleri aýyrýar


Aşgabadyň häkimiýetleriniň ilat tarapyndan sökülen germewleriň deregine täzelerini oturdýandygy barada Azatlyk Radiosynda çap edilen habardan bir gün soň, şäher edaralarynyň işgärleri beton guýulan germewleri aýryp başladylar.

Belläp geçsek, Aşgabadyň Parahat 1 we 2 etrapçalaryndaky kiçi köçelerde goýlan demir germewler ýaşaýjylar tarapyndan sökülip aýrylandan soň, türkmen häkimiýetleriniň olara derek täze beton germewleri oturdýandygy barada Azatlyk Radiosy 3-nji dekabrda habar beripdi.

“4-nji dekabrdan başlap paýtagtyň Parahat-1/1 we Parahat-2/1, -2/2, -2/3 etrapçalaryna ýörite işçi toparlary gelip şol beton germewleri aýyrýarlar. Bu ýerde öňi susakly traktor işleýär, onuň gapdalynda-da uly “KamAZ” kysymly ulag bar. Ilki betony döwýärler, soňra-da ony “KamAZ” ulagyna ýükleýärler. Şu wagta çenli agzan dört etrapçamyzdaky atsyz kiçi köçelerde 10-dan gowrak beton germew aýryldy” diýip, anonim ýagdaýda söhbetdeş bolan habarçy 5-nji dekabrda gürrüň berdi.

Ol bu işi amala aşyrýan ýörite işçi toparyň agzalaryndan sanlyja gün ozal guýlan beton germewleriň näme sebäpden ýumrulyp aýrylýandygy barada soranda, olaryň “bize beton germewleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylaryny berdiler we olary aýyrmagy tabşyrdylar, başga-da hiç zat bilemizok” diýip jogap berýändigini belledi.

Ýöne paýtagtyň 14-nji Ýaşaýyş jaý müdirliginiň adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran jogapkär resmisiniň aýtmagyna görä, bu mesele boýunça ýerli ýaşaýjylar tarapyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine we Aşgabadyň şäher häkimligine köp sanly arzalar gelip gowşupdyr.

“Bu arzalardan soňra Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginde Ýaşaýyş jaý müdirliginiň ýolbaşçylaryny ýygnap, ýörite ýygnaklary geçirdiler we beton guýlan germewleri gyssagly aýyrmagy tabşyrdylar. Adamlar ilki demir germewleri gopardylar, soňra-da arzalar gelip gowuşdy. Bu garşylyklar hem ýokardaky ýolbaşçylary oýlanmaga mejbur edendir diýip çaklaýaryn” diýip, jogapkär resmi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, Parahat 1 we 2 etrapçalaryna awtoulagly barmaga mümkinçilik berýän kiçi köçelerde ilki geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we soňra-da şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň öň ýanynda demir germewler oturdyldy.

Bu çäräniň netijesinde etrapçada awtoulag hereketi düýpli diýen ýaly çäklendirildi we bu ýere ulagly girip-çykmak kynlaşdy.

Azatlygyň habarçysy adamlaryň bu ýagdaýa protest bildirip, mundan 10 gün çemesi ozal gijelerine, ýagny polisiýa işgärleri azalandan soňra bu germewleri goparyp aýyrandygyny gürrüň berdi. Şondan soňra şäher edaralarynyň işgärleri olara derek täze beton guýlan germewleri oturdypdylar.

Beton germewler sebäpli Parahat etrapçalaryndaky kiçi köçelerde diňe awtoulag hereketi däl, eýse maýyp arabaly ýa-da çaga kolýaskaly ýaşaýjylaryň gatnawy hem çäklendirilipdi.

Belläp geçsek, Azatlyk Radiosyna türkmen häkimiýetleriniň beton germewleri ilki guýmak, soňra-da aýyrmak üçin döwlet býujetinden näçe maliýe serişdesini sarp edendigini anyklamak başartmady.

Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi beton germewleriň ilki guýlup, soňra-da aýrylmagynyň döwlet býujetiniň bisarpa ulanylmagynyň ýene bir mysalydygyny belläp, “pul serişdesi sandan çykan köçeleri bejermäge sarp edilen bolsa, onda etrapçalaryň aralaryndaky kiçi köçeler hem düzelerdi” diýýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG