Ermenistan Kollektiwleýin Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasynyň (KHYG) 6-njy dekabrda Ýerewanda geçmeli sammitiniň yza süýşürilmegi boýunça hiç hili haýyş bilen ýüz tutmandygyny aýdýar. Bu barada premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Nikol Paşiniýanyň metbugat wekili Arman Egoiýan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Mundan birnäçe sagat öň, rus prezidenti Wladimir Putiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow sammitiň, Ermenistanyň haýyşy esasynda, geljek ýylyň näbelli wagtyna çenli yza süýşürilendigini aýdypdy.
Uşakow Ermenistanda 9-njy dekabrda irki parlament saýlawlarynyň geçirilýändigi sebäpli, sammitiň yza süýşürilýändigini sözüne goşdy.
Emma, Egoiýan Ermenistanyň sammitiň yza süýşürilmegini haýyş etmändigini, şeýle-de Paşiniýanyň munuň bilen baglylykdaky hakyky sebäbi ozal žurnalistlere aýan edendigini belledi.
Paşiniýan 2-nji dekabrda çykyş edip, sammitiň Guramanyň nobatdaky baş sekretaryny saýlamak ugrundaky närazylyklar sebäpli yza süýşürilendigini aýtdy. Guramanyň ermeni ýolbaşçysy noýabrda wezipesinden boşadylypdy.
Kollektiwleýin Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasynyň geçiji başlyklygy häzir Ermenistana degişli. Guramanyň düzümine ýene Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan girýär.