Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Türkmenistandan goşa raýatlygyny alan adamlaryň ykbaly barada maglumata garaşýar


Türkmenistanyň we Orsýetiň pasportlary

Orsýet Türkmenistandan türkmen-rus goşa raýatlygyna eýe bolan adamlaryň ykbaly barada gysga wagtda maglumata garaşýar. Bu barada 7-nji dekabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa salgylanyp, Interfaks agentligi habar berdi.

Maglumatda Orsýet tarapynyň garaşýan maglumatlarynyň ylalaşygyň denonsasiýa, ýagny düzgün esasynda güýje girizilmeginden öň öz statusyny kesgitledip ýetişmedik adamlaryň ykbalyna degişlidigi aýdylýar.

"Bizi türkmen partnýorlary bu meseleleri çözjekdikleri barada iň ýokary derejede ynandyrdylar. Biz gysga wagtda bu barada takyk maglumatlara garaşýarys" diýip, Interfaks Sergeý Lawrowy sitirleýär.

Sergeý Lawrow bu ýerde umuman uly bolmadyk topar barada gürrüň gidýändigini belläpdir. Orsýetiň daşary işler ministriniň agzan toparyna kimiň girýändigi barada anyk maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň we Orsýet arasynda goşa raýatlyk barada kanun 1993-nji ýylda güýje girdi. 2003-nji ýylda ýatyryldy. Türkmenistan bu kanuny dessine ratifisirledi. Orsýet ýene on ýyla golaý wagtyň dowamynda türkmenistanlylara orsýet raýatlygyny bermegini dowam etdirdi.

Ozalky ýyllarda Orsýet resmileri rus raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylaryň sanynyň 100 müňden gowrakdygyny mälim edipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG