Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň premýer-ministri protestçiler bilen gepleşik geçirilmegine çagyrýar


Fransiýanyň premýer-ministri Edouard Filippe we fransuz prezidenti Emmanuel Makron (Ç). Ariw suraty
Fransiýanyň premýer-ministri Edouard Filippe we fransuz prezidenti Emmanuel Makron (Ç). Ariw suraty

Fransiýanyň premýer-ministri Edouard Filippe ýurt boýunça protest bildirýän sary keltekçelileriň wekilleri bilen täze gepleşikleriň geçirilmegine çagyrdy.

Filippe 8-nji dekabrda telewideniýede berlen beýanatynda "dialog başlandy we dowam etdirilmeli” diýdi we protestçileriň durmuş-ýaşaýyş gymmatlamalary baradaky aladalaryna seretmegi wada berdi.

"Prezident [Emmanuel Makron] çykyp gepläp we bu dialoga goldaw berjek çäreleri teklip eder” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Polisiýa, käbirleri bronly tehnikada, 8-nji dekabrda tutuş ýurt boýunça protest bildirýän “Sary keltekçe” hereketiniň 125 müň töweregi goldawçysynyň bir topary bilen çaknyşmaly boldy.

Polisiýa 1,385 protestçiniň tussag edilendigini aýtdy.

Habarlarda polisiýanyň paýtagtdaky prezident köşgüne tarap ýöriş eden protestçileriň öňüni baglamak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG