Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýanyň strategik bombalaýjylary Wenesuela geldi


Tu-160 uçary

Russiýanyň Goranmak ministrligi Wenesuela ýadro ýaragyny daşamaga ukyply iki sany strategiki bombalaýjy uçaryny ýollandygyny mälim etdi.

Ministrlik Tu-160 kysymly uçarlaryň 10-njy dekabrda Karakasyň etegindäki aeroporta gelendiklerini aýtdy.

Beýanatda uçarlarda ýaraglaryň bolup-bolmandygy takyklaşdyrylmaýar.

Mundan birnäçe gün öň, Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro Moskwada saparda bolupdy.

Soňky ýyllarda Wenesuela Russiýadan millionlarça dollarlyk harby serişdeleri satyn alypdy.

Karakasyň aeroportynda Wenesuelanyň goranmak ministri, general Wladimir Padrino uçar bilen gelen 100 töweregi piloty we şahsy düzümiň beýleki agzalaryny garşylady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG