Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Strasbourgda 3 adamy öldüren ýaragly henizem tapylanok


Strasbourg. Howpsuzlyk güýçleriniň ýüzlerçe agzasy üç adamy atyp öldüren ýaragly erkegi gözleýär. 
Strasbourg. Howpsuzlyk güýçleriniň ýüzlerçe agzasy üç adamy atyp öldüren ýaragly erkegi gözleýär. 

Howpsuzlyk güýçleriniň ýüzlerçe agzasy Fransiýanyň Strasbourg şäherindäki Kristmas bazarynda üç adamy atyp öldüren, 12 adamy ýaralan ýaragly erkegi gözleýär.

Güman edilýän erkek 11-nji dekabr agşamy bu töwerekde terrora garşy operasiýalaryň çäginde garawulçylyk çekýän esgerler bilen atyşykdan soň gaçyp gutuldy.

Gözlenilýän erkek atyşyk mahalynda ýaralanan diýip hasaplanylýar we Fransiýanyň howpsuzlyk gulluklary onuň güman edilýän ekstremitsleriň gözegçilik sanawynda duran adam bolandygyny aýdýarlar.

Howpsuzlyk güýçlerine salgylanyp berlen maglumata görä, ol 29 ýaşynda we Strasbourgyň özünden diýip bilinýär.

XS
SM
MD
LG