Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ulag eýelerine täze töleg girizildi


Aşgabadyň köçeleriniň birinden geçip barýan ulag. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň köçeleriniň birinden geçip barýan ulag. Illýustrasiýa suraty

“Hronika Türkmenistan” neşiri Türkmenistanda awtoýollardan peýdalanýan awtoulag we ýük ulag eýelerine täze ýol salgydynyň girizilendigini habar berýär.

Neşir özüniň 12-nji dekabrda çap eden maglumatynda bu salgydyň şu ýylyň oktýabr aýyndan güýje girendigini we munuň ýük ulaglar üçin 96 manada we ýeňil awtomobiller üçin 16 manada barabardygyny aýdýar.

“Bu salgydy tölemedik raýatlar öz ulagyny tehniki guratlyk derejesi baradaky barlagdan geçirip bilmeýär” diýip, neşir öz ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp ýazýar.

Şeýle-de, habarda mundan beýläk ýük ulaglaryň her ýylda iki gezek tehniki guratlyk derejesi boýunça barlagdan geçmelidigi baradaky kararyň hem kabul edilendigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri Çoganlydaky Polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň ofiserlerine salgylanyp, ýeňil awtoulag eýelerinden 16 manat möçberinde tölegiň talap edilýändigini tassyklaýar, ýöne munuň ýol salgydy däldigini belleýär.

“Bu töleg “tehniki hyzmatlar üçin” diýlip alynýar. Şu ýylyň ikinji ýarymynyň başynda awtoulag eýeleri ýol salgydy üçin 100 manat möçberinde tölegiň girizilendigini bilip galdylar. Meýletin ätiýaçlandyryş üçin hem 20 manat talap edilýär. Häzirki wagt awtoulagyny tehniki guratlyk barlagyndan geçirjek her bir raýatdan jemi 136 manat talap edilýär” diýip, habarçy öz awtoulagyny bu barlaglardan geçirmek üçin 2017-nji ýylda diňe 20 manat töländigini hem belledi.

Azatlyk Radiosy ýük ulag eýelerine girizilen täze tölegler barada goşmaça maglumat almak häzirlikçe başartmady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly ulag eýeleriniň ençemesi, 2018-nji ýylda girizilen täze tölegler barada, adat bolşy ýaly, ne ýurduň telekanallarynda, ne-de radiokanallarynda bildiriş edilendigini aýdýarlar.

Şu ýylyň awgust aýynyň başynda Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň ikisi Aşgabatda Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň ulaglary saklap, sürüjilerden ýol salgydyny töländigi baradaky güwänamany talap edip başlandygy barada habar beripdi.

Şonda habarçylarymyz polisiýa işgärleriniň bu salgydyň 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda güýje girendigini aýdyp, güwänamasy bolmadyk ulag eýelerinden 100 manady özlerine tölemegi talap edýändigini hem gürrüň beripdiler.

Türkmenistanda ulag eýelerine girizilen täze tölegler, ýurtda raýatlaryň we döwlet işgärleriniň hususy awtoulaglary bilen bagly girizilýän çäklendirmeleriň depgininiň we görnüşiniň barha güýçlendirilýän mahalyna gabat geldi.

Geçen hepde Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy welaýatyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine gymmatbaha awtoulaglary sürmegiň we edinmegiň dilden berlen görkezme esasynda gadagan edilendigini habar berdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabadyň häkimiýetleri gara reňkdäki ulaglary “awlap”, olary ak reňke boýamagy talap etdiler. Bu çäre sanlyja aýyň dowamynda tutuş ýurduň çäginde amala aşyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG