Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ulaglardaky 77-lik belgi boýunça çäklendirmeler Lebap welaýatyna-da baryp ýetdi


Aşgabatda döwlet belgisi aýrylan ulag (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabatda döwlet belgisi aýrylan ulag (Illýustrasiýa suraty)

Öňi 77-lik bilen başlanýan ulaglaryň döwlet belgileri boýunça Türkmenistanda dowam edýän çäklendirmeleriň tolkuny Lebap welaýatyna-da baryp ýetdi.

“Lebap welaýatynyň Ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlary iýul aýynyň 20 – 22-si aralygynda welaýatda hasaba alnan, öňi 77-lik bilen başlanýan awtoulag belgileriniň ählisini ýygnadylar” diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmesi Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň Lebap welaýatyndaky bölüminiň işgärine salgylanyp, 6-njy awgustda habar berdi.

“77-lik belgileri ellerinden alnan lebaply awtoulag eýelerine hiç hili düşündiriş berilmeýär. Olara täze, başga belgi paýlandy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mundan ozal öňi 77-lik bilen başlanýan döwlet belgisine eýe bolan lebaply sürürjilere täze belgi berlende, olar täzeden goşmaça çykdajylara sezewar boldular. Muňa garamazdan, Gözegçiligiň inspektorlary belgisi çalşylan ulag eýelerinden çykdajylar barada “dymmagy” talap edipdirler.

“[Olara] täze belgini döwletiň hiç hili tölegsiz berendigini aýtmak maslahat berlipdir” diýip, çeşme gürrüň berdi. “Eger täze tölegler barada dil ýarsalar, belgisi ýygnalan sürüjileriň ählisine 1 ýyl möhlete çenli sürüjilik hukugyndan mahrum edilmek haýbaty atylypdyr” diýip, ol sözüne goşdy.

Çeşmäniň aýtmagyna görä, 77-lik belgili ulaglar esasan köçede saklanyp, olaryň eýelerine täze gadagançylyk boýunça duýduryş berildi. Köne, ýöremeýän 77-lik belgili ulaglaryň döwlet belgileriniň yzyna tabşyrylmagyna uçastok polisiýalary gözegçilik etdi.

77-lik belgi bilen bagly Türkmenistanda dowam edýän gadagançylyk barada resmi derejede gürrüň edilmeýär.

“Ýöne Lebap welaýatynyň ýol inspektorlarynyň käbirleriniň tassyklamagyna görä, prezidentiň ýakyn töweregi Lebaba dynç almaga gelende 77-lik belgili ulag sürýär, şol sebäpden bu belgileri ýönekeý halkyň dakmagyna gadagançylyk girizildi” diýip, Azatlygyň çeşmesi inspektorlara salgylandy.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal şuňa meňzeş çäklendirmeler Balkan we Daşoguz welaýatlarynda güýje giripdi.

“Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda öňi 77-lik bilen başlaýan awtoulaglaryň döwlet beglilerini ýygnaýarlar” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew maýyň başynda habar beripdi.

“Maňa maglumat beren Daşoguz şäheriniň Ýol gözegçilik gullugynyň bir inspektory öňi 77-lik bilen başlanýan döwlet belgileriniň, mundan beýläk, diňe “Arkadagyň” ýakyn töwereginiň awtoulaglaryna dakylmaly edilendigini aýtdy” diýip, Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bir işgäriniň sözlerine salgylanyp, 11-nji maýda habar berdi.

Ýurtdan gelip gowuşýan habarlara görä, Türkmenistanda ilatyň hususy awtoulaglary bilen bagly girizilýän çäklendirmeleriň depgini we görnüşi soňky ýyllarda güýçlendi.

Ulaglaryň reňki bilen bagly gadagançylyklaryň hronologiýasyna gysgaça ser salynsa; 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde hereket edýän awtoulaglarda gara diskleriň gadagan edilmegi bilen badalga berlen bu çäklendirme çäreleri, soňy bilen 2015-nji ýylda gara we garaňky reňkli awtoulaglaryň ýurda getirilmegine girizilýän gadagançylyklar bilen dowam etdi.

Soňra bu çäklendirmeler has-da çynyrgady we häkimiýetler tarapyndan 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ýurduň paýtagtynda hereket edýän gara reňkli awtoulaglaryň ak reňke boýadylmagy talap edilip, ýylyň çalyşmagy bilen bu şertler has-da güýjedi. 2018-nji ýylyň ilkinji çärýeginde ulaglaryň reňkleri bilen bagly gadagançylyklar dogrusynda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden habarlaryň gelip gowuşmagy dowam etdi.

Azatlyk Radiosynyň birnäçe ýerli çeşmesiniň aýtmagyna görä, prezident Berdimuhamedow 7-lik belgini halaýar. Berdimuhamedow öz gatnaşýan sport çärelerinde köpülenç 7-lik belgili awotulaglara münýär, ýurtda geçirilen käbir dabaralaryň senesi we wagty 7-lik belgisine gabat getirilýär.

XS
SM
MD
LG