Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bolton: Moskwa ukrain gämilerini, deňizçilerini goýbermese Tramp-Putin duşuşygy bolmaz


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton Moskwanyň Krymyň golaýynda ele salan ukrain gämilerini we deňizçilerini azatlyga goýbermeýänçä, prezident Donald Tramp bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň arasynda duşuşygyň bolmajakdygyny aýtdy.

“Men gämiler we ekipaž agzalary azat edilmeýänçä, bu ýakyn geljekde şeýle duşuşygyň geçmegi üçin hiç hili şertleri görmeýärin” diýip, Bolton žurnalistlere gürrüň berdi.

25-nji noýabrda Russiýa Kerç bogazynda Kiýewiň üç harby gämisini saklap, 24 deňizçisini hem tussag edipdi.

Moskwa 2014-nji ýylda Ukrainadan basyp alan Krym ýarymadasynyň golaýynda ýüze çykan wakada ukrain gämileriniň Russiýanyň territorial suwlaryna bikanun girendiklerini öňe sürdi.

Ukraina we BMG-niň aglaba ýurtlary Krymyň anneksiýasyny ykrar etmeýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG