Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ tussaglykdaky eýranly aktiwistiň ölüminden soň Tährany tankytlady


Döwlet Departamenti Wahid Saýadi Nasiriniň eýran resmileri tarapyndan “esassyz tussag edilendigini” aýtdy.

ABŞ Eýranda özüniň sosial ulgamlardaky sahypasynda ýerleşdiren ýazgylary üçin türme tussaglygyna höküm edilip, protest hökmünde açlyga başlan syýasy aktiwistiň ölümini ýazgardy.

Döwlet Departamenti Wahid Saýadi Nasiriniň eýran resmileri tarapyndan “esassyz tussag edilendigini” aýtdy.

Nasiriniň gyz doganynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, eýran resmileri onuň doganynyň Kom şäherindäki keselhanada ýogalandygyny aýdypdyrlar.

Ol öz doganynyň türmedäki şertlere protest bildirip, şeýle-de özüniň başga tussaghana geçirilmegini talap edip açlyga başlandygyny aýtdy.

Nasiri 2015-nji ýylyň sentýabrynda tussag edilipdi. Ol ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneini “kemsitmekde” we “döwlete garşy propogandada” günäli tapylyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG