Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Afrika babatyndaky täze strategiýasyny kesgitledi


Russiýa we Hytaý Afrikadaky täsirlerini artdyrmak ugrunda tagalla edýärler. Hytaýyň Djiboutidäki harby bazasy.

Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Jon Bolton täze strategiýanyň Moskwanyň we Pekiniň tagallalaryna garşy gönükdirilendigini mälim etdi. Ol bu ýurtlary “sebitde özüne artykmaçlyk gazanmak üçin sermaýalaryny agressiw ýagdaýda ulanmakda” aýyplady.

Bolton Russiýanyň “korrupsion ykdysady ylalaşyklar arkaly sebitde öz täsirini güýçlendirmek isleýändigini” aýtdy. Ol Moskwany ýaraglary we energiýa serişdelerini satyp, BMG-de sesleri gazanjak bolýandygyny hem belledi. ABŞ-ly resmi munuň “parahatçylyga we howpsuzlyga ýaramaz täsir ýetirýändigini, şeýle-de afrikalylaryň bähbitlerine ters işleýändigini” aýtdy.

Mundanam başga, Bolton Hytaýyň “para-peşgeş, gümürtik şertnamalar we sermaýalar arkaly Afrika döwletlerini Pekine bakna edip saklaýandygyny” belledi.

Bolton “Pajarlaýan Afrika” strategiýasynyň çäginde ABŞ-nyň Afrikadaky hyzmatdaşlaryny has seresaplylyk bilen saýlajakdygyny aýtdy.

“Birleşen Ştatlary mundan beýläk tutuş kontinente saýgarmazdan hemaýat bermegini bes edýär” diýip, Bolton nygtady.

“Halkara forumlarynda Birleşen Ştatlara dowamly garşy ses berýän ýa-da ABŞ-nyň bähbitlerine garşy hereket edýän döwletlere Amerikanyň jomartlyk bilen daşary ýurt kömegi hökmünde eçilýän hemaýaty bes edilmelidir” diýip, Bolton sözüne goşdy.

12-nji dekabrda döwlet sekretarynyň kömekçisi Tibor Nagy Kogresiň agzalaryny Hytaýyň Afrikadaky barha artýan ykdysady, harby we syýasy täsirleri barada duýdurypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Ol Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG