Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Yrakly ýazidi aktiwisti Murad Nobel baýragynyň serişdesine hasshana gurdurjagyny aýdýar


Nadia Murad

Yrakly ýazidi aktiwisti Nadia Murad şu ýylyň Nobel parahatçylyk baýragy berlende alan pul serişdelerini öz dogduk şäherinde jynsy kemsitmäniň pidasy bolanlar üçin hassahana gurdurmaga harçlamagy planlaşdyrýandygyny aýdýar.

“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň jeňçileri tarapyndan jynsy gyrnak hökmünde saklanylan Nadia Murad bu sözleri 14-nji dekabrda, demirgazyk Yragyň Sinjar şäherinde, öz dogduk mekanynda toplanan ýüzlerçe adamyň öňünde aýtdy.

"Nobel parahatçylyk baýragy bilen berlen pula men Sinjarda näsaglary, esasan dul galan aýallary we “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri tarapyndan jynsy zorluga sezewar edilen aýallary bejermek üçin hassahana gurjak” diýip, ol aýtdy.

Ol hassahana işine başlamak üçin “basym” ynsanperwer guramalar bilen habarlaşjakdygyny aýtdy.

Murad kongoly doktor Denis Mukwege bilen jynsy zorluklaryň ýaragly konfliktlerde ýarag hökmünde ulanylmagyny togtatmak ugrundaky tagallalary üçin 1 million dollar baýrak aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG