Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz parlamenti ozalky prezidentleriň eldegrilmesizligini ýatyrýar


Bu ýagdaý ýurduň ozalky lideri Almazbek Atambaýewiň jogapkärçilige çekilmek mümkinçiligini döredýär. 

Gyrgyz parlamenti ozalky prezidentleriň jogapkärçilige çekilmezligi baradaky durumlaryny ýatyrmak hakyndaky kanun taslamasyny birinji okaýyşda tassyk etdi. Bu ýurduň ozalky lideri Almazbek Atambaýewiň jogapkärçilige çekilmek mümkinçiligini döredýär.

120 orunly palatanyň 100 deputaty 13-nji dekabrda geçirilen ses berişlikde öňki prezidentleriň immunitetini, eldegrilmesizligini ýatyrmagyň peýdasyna ses berdi. Deputatlaryň ikisi bu kanuna garşy boldy, 18 deputat ses berişlikde bolmady.

Parlamentiň kanunçylyk baradaky komiteti, döwlet gurluşlary, sud organlary bu kanun taslmasyny noýabryň aýagynda tassyklady.

Kanun taslamasynyň prezident Sooronbaý Jeenbekowyň gol çekmegine hödürlenmezinden öň kanun çykaryjylar tarapyndan ýene iki gezek oklamagy zerur.

Bu ses berişlik Jeenbekow bilen öňki prezident Atambaýewiň arasyndaky erjel dartgynlyklaryň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Gyrgyzystanyň ýokary sudy oktýabrda ýurduň ozalky prezidentleriniň peýdalanýan eldegrilmesizlik kanunynyň konstitusiýa laýyk gelmeýändigi barada karar çykardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG