Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan harbylarynyň başlygy 15 jeňçä ölüm höküminiň çykarylandygyny tassyklaýar


General Kamar Jawed Bajwa (S) Peşawardaky goşun jemgyýetçilik mekdebiniň okuwçysyna öz awtografyny berýär. Arhiw suraty.
General Kamar Jawed Bajwa (S) Peşawardaky goşun jemgyýetçilik mekdebiniň okuwçysyna öz awtografyny berýär. Arhiw suraty.

Pakistan goşunynyň başlygy golaýda howpsuzlyk güýçleriniň 32 agzasyny we iki sany asuda raýaty öldürmekde esasy rol oýnan 15 jeňçiniň harby sudlarda ölüme höküm edilendigini tassyklady.

Pakistan harbylarynyň 16-njy dekabrda çykarylan ölüm hökümleri baradaky beýanatynda jezalandyrmalaryň nirede geçiriljekdigi aýdylmaýar.

Emma beýanatda general Kamar Jawed Bajwanyň ýene 20 sany jeňçiniň türme möhletlerini tassyklandygy habar berilýär.

Bu jeňçiler howpsuzlyk güýçlerine we Pakistandaky hristianlara hüjüm etmekde, bilim edaralaryny ýykyp-ýumurmakda aýyplandy.

Pakistan 2014-nji ýylda, Peşawardaky mekdebe edilen hüjümde 150-den gowrak adam, köp çaga öldürilenden soň, ölüm hökümine girizen moratoriumyny ýatyrdy.

Pakistan 16-njy dekabrda Peşawardaky goşun jemgyýetçilik mekdebine edilen ganly hüjümiň dördünji ýyl dönümini belleýär.

XS
SM
MD
LG