Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetiň Uzak gündogarynda ýene gubernator saýlamaga synanyşyk edilýär


Alekseý Timçenkonyň (Ösüş partiýasyndan) saýlaw plakaty

Orsýetiň Uzak gündogaryndaky Primorýe sebitinde ýene bir gezek gubernator saýlawlary geçirilýär.

16-njy dekabrdaky saýlawlarda, Kreml tarapyndan goldanylýan ýerine ýetiriji gubernator Oleg Kožemýakonyň saýlawlardan öňki pikir soramalarda uly öňdelige eýe bolmagynda, dört kandidat bäsleşýär.

Bäsleşigiň ýene bir gezek gaýtalanmazlygy üçin kandidat 50 prosent ses almaly. Beýleki kandidatlar - Alekseý Timçenko (Ösüş partiýasyndan), Roza Çemeris (Orsýet aýallary üçin hereketinden) we Andreý Andreiçenko (milletçi Liberal Demokratik partiýadan) Kožemýako üçin uly bir päsgelçilik bolar öýdülmeýär.

Territoriýanyň liderini saýlamak üçin geçirilýän bu ses berişlik 20-nji sentýabrda netijeleri hakyky däl diýlip yglan edilen ikinji tapgyr bäsleşikden soňky üçünji synanayşyk bolup durýar.

16-njy sentýabrda geçirilen saýlawlar ses sanaşlygyň soňky pursatynda uly dawa döredip, Uzak gündogar regionyndan dartgynly ýagdaýlaryň emele gelmegine sebäp boldy.

Şonda Kreml tarapyndan goldanylýan Birleşen Orsýet partiýasynyň kandidaty, iş başyndaky gubernator Andreý Tarasenkonyň peýdasyna sesleriň galplaşdyrylandygy öňe sürüldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG