Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak häkimiýetleri protest bildirmekçi bolan aktiwistleri basyp ýatyrýarlar


“Ar.Ruh.Hak” adam hukuklary gaznasynyň başlygy Bahtyžan Toregožina
“Ar.Ruh.Hak” adam hukuklary gaznasynyň başlygy Bahtyžan Toregožina

Almatynyň polisiýasy ýurduň ozalky Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli demonstrasiýa gurnamakçy bolan adam hukuklary aktiwistleriniň birnäçesini tussag etdi.

16-njy dekabrdaky polisiýa basyp ýatyrmalary Almatynyň merkezindäki Garaşsyzlyk ýadygärliginiň ýanyndan ýygnanyşyp, protest demonstrasiýasyny geçirmäge synanyşan aktiwistleri nyşana aldy.

“Ar.Ruh.Hak” adam hukuklary gaznasynyň başlygy Bahtyžan Toregožina Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna aktiwistleriň käbiriniň häkimiýetler tarapyndan “öýlerinden çykmazlarynyň öň ýanynda” tussag edilendigini gürrüň berdi.

Toregožina öz öýüniň gapdalynda, köçede nobatçylyk çekýän polisiýa işgärlerini görkezýän suratlary feýsbukda çap edip, özüniň öýden çykmagyna ýol berilmeýändigini hem sözüne goşdy.

Gazagystanyň günbataryndaky Oral şäherinde polisiýa 16-njy dekabrda “Urlaskaýa Nedelýa” gazetiniň žurnalistleri Mariýa Melnikowany we Raul Uporowy tussag etdi.

Gazagystandaky “Adyl Söz” media gözegçiligi guramasy Oraldaky polisiýanyň gazetiň eýesi Tamara Esliýamowanyň, baş redaktor Lukpan Ahmediýarowyň jaýlarynyň daşynda hem polisiýa ofiserlerini ýerleşdirendigini habar berýär.

"Adyl Sözüň” aýtmagyna görä, häkimiýetler Esliýamowa bilen Ahmediýarowyň öýlerinden çykmagyna ýol bermeýär.

XS
SM
MD
LG