Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” ABŞ resmileri bilen duşuşýandygyny aýdýar


ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad.

“Talyban” topary Birleşen Arap Emirliklerinde ABŞ-nyň resmileri bilen “nobatdaky” duşuşygyň geçirilýändigini mälim etdi.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabinullah Mujahid gepleşiklere Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Emirlikleriň wekilleriniň hem gatnaşýandygyny aýtdy. Mundan başga goşmaça maglumat berilmedi.

Waşington “Talyban” bilen gepleşikleri geçirýändigi ýa-da geçirendigi barada häzirlikde hiç hili remi maglumat bilen çykyş etmedi.

Emma, ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad mundan öň konflikt bilen ilteşikli ähli owganlar bilen gepleşikleri geçirendigini aýdypdy.

Geçen aý “Talyban” beýanat ýaýradyp, Khalilzad bilen Katarda üç gün yzly-yzyna gepleşik geçirendigini öňe sürüpdi. Munuň yzy bilen, Khalilzad Kabulda saparda bolup, owgan prezidenti Aşraf Ghana “Talyban” bilen gepleşikleri geçirjek topary esaslandyrmaga çagyryş edipdi.

Geçen hepde Khalilzad Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen hem duşuşyp, Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýlar, sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG