Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Phenýang sanksiýalaryň denuklearizasiýa tagallalaryna ‘böwet salyp biljekdigini’ duýdurdy


Geçen ýyl Singapurda prezident Donald Tramp we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un denuklearizasiýa jarnamasyna gol goýupdylar.

Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň sanksiýalarynyň “Koreýa ýarymadasyndaky denuklearizasiýa tagallalaryna müdimilik böwet salyp biljekdigini” duýdurdy.

Phenýang Waşingtony iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary “geçen ýylky ýagdaýyna gaýtarmak ugrunda hereket etmekde” aýyplady.

Ol “geçen ýylky tejribelerden aýan bolşy, sanksiýalaryň we basyşlaryň işlemejekdigine Birleşen Ştatlaryň düşünmelidigini” öňe sürdi.

Geçen ýyl Singapurda prezident Donald Tramp we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un denuklearizasiýa jarnamasyna gol goýupdylar. Emma, şondan bäri bu ugurda kiçi ýa asla-da hiç hili özgeriş bolmady.

Waşington Demirgazyk Koreýanyň “dolulygyna denuklearizasiýany geçirendigini tassyklanýança”, sanksiýalaryň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Phenýang öz gezeginde ABŞ-ny “galtaman ýaly hereket etmekde” aýyplady, şeýle-de ABŞ-nyň we BMG-niň sanksiýalarynyň gowşadylmagyny talap etdi.

10-njy dekabrda ABŞ demirgazyk koreýaly üç resmä garşy täze sanksiýalary girizipdi.

XS
SM
MD
LG