Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda garaşsyzlyk güni aktiwistler, žurnalistler tussag edildi


Almatynyň Garaşsyzlyk monumentiniň golaýyna eltilen polisiýa ulaglary. 16-njy dekabr, 2018 ý.
Almatynyň Garaşsyzlyk monumentiniň golaýyna eltilen polisiýa ulaglary. 16-njy dekabr, 2018 ý.

Gazagystanda ýurt garaşsyzlygynyň 27-nji ýyl dönümi bellenilýän pursady, polisiýa 2011-nji we 1986-njy ýyllardaky polisiýa basyp ýatyrmalarynyň pidalaryny hatyralajak bolan aktiwistleriň ençemesini tussag etdi.

Aktiwistler Almatynyň merkezindäki Garaşsyzlyk monumentiniň öňünde ýygnanyp, 2011-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Žanaözen şäherindäki nebit işgärleriniň protestinde we 1986-njy ýylda Almatydaky köpçülikleýin demonstrasiýalarynda öldürilen adamlaryň hatyrasyny tutjak boldular.

Gazagystanyň adam hukuklary boýunça “Ar.Ruh,Hak” guramasynyň direktorynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, käbir aktiwistler “öýlerinden çykan pursatlary” ele salynypdyrlar.

Mundanam başga, Oral şäherinde hem ençeme žurnalistiň tussag edilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG