Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German kompaniýasy Türkmenistany suda berýär


Häzir Türkmenistanda beýleki möhüm azyk harytlary bilen birlikde, un we çörek gytçylygy dowam edýär. Illýustrasiýa suraty
Häzir Türkmenistanda beýleki möhüm azyk harytlary bilen birlikde, un we çörek gytçylygy dowam edýär. Illýustrasiýa suraty

Mundan iki aý töweregi ozal Russiýanyň MTS mobil operatory bilen birlikde, Germaniýanyň Unionmatex kärhanasy bilen Türkiýäniň Sece Inşaat kompaniýasynyň hem Türkmenistanyň üstünden sermaýa dawalaryna seredýän Halkara merkezine şikaýat bilen ýüz tutandyklary anyklandy.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri düýbi Germaniýanyň Hemnis şäherinde ýerleşýän Unionmatex Industrieanlagen GmbH kärhanasyny bilen habarlaşyp, Türkmenistana bildirýän şikaýatlary bilen gyzyklandy.

German kompaniýasyna wekilçilik edýän Schultze & Braun ýuridiki kärhanasynyň wekili Ingo Şorlemmer ýazan arzalary bilen baglylykda beýanat ýaýratdy.

Onda bellenişi ýaly, 2008-nji ýylda “Türkmengallaönümleri” döwlet bileleşigi german kompaniýasy bilen bäş sany un üweýji degirmenini we içi pekarniýaly iki sany söwda merkezini gurmak boýunça ylalaşyklary baglaşypdyr. Ýylyň dowamynda ýene bir söwda merkezini gurmak ylalaşylypdyr. Şertnamanyň umumy bahasy 144 million dollaryna deň bolup, gurluşygy 2011-nji ýyla çenli tamamlamak göz öňünde tululypdyr.

Bu barada Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän ýarym-resmi internet neşirinde hem maglumat çap edilipdi.

Emma, obýektleriň gurluşygy tamamlanmady. Unionmatex 2008-2014-nji ýyllar aralygynda “Türkmengallaönümleriniň” edilen işlere dowamly ýagdaýda töleg etmändigi we gurluşyk prosesine goşulandygy sebäpli, Türkmenistandaky işini togtadyp, kärhananyň likwidasiýa edilýändigi baradaky arzany ýazmaga ‘mejbur’ galypdyr.

Netijesiz gepleşiklerden soň, Schultze & Braun Türkmenistany suda bermek kararyna gelipdir.

Türkmen resmilerinden bu ýagdaý boýunça düşündiriş almak başartmady.

Häzir Türkmenistanda beýleki möhüm azyk harytlary bilen birlikde, un we çörek ýetmezçiligi dowam edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG