Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň, Ahalyň we Balkanyň un bilen üpjünçiligi ‘ilkinji orunda tutulýar’


Daşoguzda un nobatyna duran adamlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Daşoguzda un nobatyna duran adamlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda un, çörek ýetmezçiliginiň fonunda, Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň un bilen üpjünçiliginiň ilkinji orunda tutulýandygy habar berilýär.

Bu barada Daşoguz welaýatynyň un üweýän kärhanasynyň bir resmisi Azatlygyň habarçysyna 13-nji dekabrda maglumat berdi.

“Regionlary un bilen üpjün etmek boýunça käbir sebitler ileri tutulýar. Ilkinji orunda Aşgabat şäheri, Ahal we Balkan welaýatlary un bilen üpjün edilýär we bu regionlarda ýokary hilli un satuwa goýberilýär. Daşoguza, Lebaba we Mara öz-özlerini un bilen üpjün etmek barada görkezme berildi. Bu welaýatlara unuň o diýen gowy bolmadyk hili galýar” diýip, habarçy anonim şertde söhbetdeş bolan resminiň sözlerini getirdi.

Galyberse-de, habarçy özüniň Daşogzuň un üweýän kärhanasynyň ammaryna hem barmagy başarandygyny we bu ýerde unuň uly mukdarda ätiýajyny görendigini belledi.

“Men kärhananyň resmisinden dükanlarda unuň ýiti ýetmezçiligi duýulýarka, näme sebäpden munça unuň bärde saklanýandygyny soradym. Ol maňa özlerine “Aşgabatdan barlag gelse” diýlip, uny ammarda saklamak barada “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden ýörite görkezmäniň gelip gowşandygyny aýtdy” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol welaýatda unuň ýeterlik mukdarda bolmagynyň ähtimaldygyny, ýöne ýolbaşçylaryň “täsin görkezmeleri” sebäpli un gytçylygynyň dörän bolmagynyň mümkindigini hem belledi.

Şol bir wagtda-da, habarçy unuň bahasynyň üstüne 30-40% goýup, ony çörek dükanlaryna ýa-da öz tanyş-bilişlerine satýan adamlaryň hem barha köp göze ilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, ol un-çörek ýetmezçiligi bilen bir hatarda, ýurtda ykdysady kynçylyklaryň barha ýiti duýulýandygyny, käbir adamlaryň çörek satyn almaga-da pulunyň ýokdugyny aýdyp, özüniň başdan geçiren bir ýagdaýyny gürrüň berdi:

“Men hususy eýeçilikdäki dükanlaryň birine baranymda, ol ýerden bir adam bir çörek satyn alyp çykyp barýardy. Şol pursat dükana gelen bir çaga çöregiň näçä durýandygyny sorady. Onuň 6 manatdygyny eşiden çaga bada-bat yzyna öwrülip gitdi. Häzir ýagdaý juda agyr” diýip, habarçy sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.

Türkmenistanda raýatlara özleriniň berkidilen döwlet dükanlaryndan resmi bahadan çäkli mukdarda ýerli uny satyn almaga mümkinçilik döredilýär we onuň 1 kilogramynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 2 manatlygynda saklanyp galýar.

Orsýetden ýa-da Gazagystandan import edilen unuň 1 kilogramy 10-12 manat aralygynda satylýar.

Ýöne Türkmenistanda şeker, ösümlik ýagy ýaly käbir azyk harytlary bilen bir hatarda, un we çörek önümleriniň ýiti ýetmezçiligi indi bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Azatlyk Radiosy we garaşsyz habar serişdeleri bu barada yzygiderli habar berip, käte döwlet dükanlarynyň öňünde un, çörek nobatyna duran adamlaryň dawalaşýan pursatlary barada wideo ýazgylary we suratlary hem köpçülige ýetirdi.

Daşoguzda ýüzlerçe adam un çörek nobatyna garaşýar.
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

Bu gytçylygyň fonunda, un, çörek önümleriniň hususy dükanlardaky bahasy hem yzygiderli gymmatlaýar.

Geçen aý Aşgabadyň “Älemgoşar” bazarynda 1-5 manat aralygynda satylýan çörekleriň her biriniň bahasy degişlilikde 1,5 manat ýokarlandy.

Soňky hepdelerde geçirilen hökümet ýygnaklarynda “içerki bazarlaryň haryt üpjünçiligine” ünsi çekýän meseleler döwlet baştutany derejesinde birnäçe gezek gozgaldy.

3-nji dekabrda geçirilen wideo şekilli iş maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowa “daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmagy we ýurduň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmegi” tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG