Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýylyň öňýany, Daşogzuň bazarlarynda iýmit önümleriniň bahalary ýene ýokarlanýar


Aşgabadyň "Mir" bazary, ýanwar, 2018-nji ýyl. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň "Mir" bazary, ýanwar, 2018-nji ýyl. Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynyň bazarlarynda soňky bir hepdäniň dowamynda azyk harytlaryň bahalary ýene-de gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysy 17-nji dekabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Daşogzuň Baý bazaryndaky käbir harytlaryň 1 kilogramynyň bahalary şeýle:

  • Ahal ýagy: 13 – 14 manat
  • Gazagystanda ýa-da Orsýetde öndürilen un: 11 manat
  • Kartoşka: 7-8 manat
  • Sogan: 4 manat
  • Şeker: 8 manat
  • Çörek: 3-6 manat aralygynda
  • Orta hilli tüwi: 18-20 manat
  • Makaron we wermişel: 10 manat

“Köp mukdarda möhleti geçen makaron önümleri satuwa çykarylyp başlanyldy. Şeýle-de, ýapylan gaplarda goýaldylan süýt, gök nohutjyklar we şuňa meňzeşleriň möhleti geçen görnüşleri satylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol möhleti geçen harytlaryň Aşgabadyň bazarlarynda-da peýda bolandygyny belledi.

“Bu gün “gara bazarda” 1 dollaryň bahasy 17 – 17 manat 50 teňňe aralygynda” diýip, habarçy aýtdy.

“Ýumurtga özbaşyna aýratyn gürrüň, ol heniz hem gyt. Döwlet dükanlarynda 50 teňňeden ýumurtga satuwa çykarylýar, ýöne ol 10-15 minudyň dowamynda gutarýar. Ýogsam bolmasa her ele 10 ýumurtgadan köp satylmaýar” diýip, habarçy Daşoguzdaky soňky bahalar baradaky maglumatyň üstüni ýetirdi.

Onuň sözlerine görä, hususy dükanlarda bir ýumurtganyň bahasy 1 manat 30 teňňe – 1 manat 50 teňňe aralygynda satylýar.

10-njy dekabrda Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde Aşgabadyň bazarlarynda we hususy dükanlarynda ýumurtganyň bahasynyň tas iki esse gymmatlandygyny habar berdi:

“Bir ýumurtganyň bahasy 1 manat 50 teňňä ýetdi. Ony diňe şäheriň “Hitrowka” ýaly çetki etrapçalarynda satyn alsa bolýar. Ýöne ol hem aňsatlyk bilen tapdyrmaýar. Geçen hepde döwlet eýeçiligindäki dükanlarda ýumurtga 67-70 teňňe aralygynda çäkli möçberde satylýardy” diýip, habarçy şonda gürrüň berdi.

4-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy ýumurtganyň diňe döwlet eýeçiligindäki dükanlarda irden sagat 6:30-da her adama 1 guty (30 ýumurtga) satuwa çykarylýandygyny, ýöne onuň hem ýarym sagatda satylyp gutarýandygyny habar beripdi.

3-nji dekabrda ýokary wezipeli resmiler bilen geçiren wideo şekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowa “ýurduň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmek” boýunça tabşyryk berdi.

Ondan ozal, 30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň söwda pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Çary Gylyjow Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurduň bazarlarynyň ilatyň isleg bildirýän harytlary bilen üpjün edilýändigi barada hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýer hasabatynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bazarlary azyk önümlerinden doldurmak işlerini ýerli öndürijiler we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde alyp barýandygyny aýtdy.

Muňa garamazdan, ýurduň dürli künjeklerinde bazarlarda we beýleki hususy söwda nokatlarynda azyk önümleriniň gymmatlaýandygy barada habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.

Azatlyk Radiosyna ýurduň demirgazygynda we paýtagt Aşgabatda emele gelen iýmit önümleriniň soňky gymmatçylygy we gytçylygy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden haýsydyr bir kommentariýa almak başartmady.

Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdeleri ýurtda azyk bolçulygynyň höküm sürýändigini yzygiderli tekrarlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG