Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Täze ýyl mynasybetli bazarlary ilatyň “isleg bildirýän harytlary” bilen doldurmagy tabşyrdy


Aşgabatda bir dükanyň öňünde ösümlik ýagyny satyn almaga garaşýan adamlaryň nobaty. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda bir dükanyň öňünde ösümlik ýagyny satyn almaga garaşýan adamlaryň nobaty. Arhiwden alnan surat

Ministrler Kabinetiniň 30-njy noýabrda geçirilen Mejlisinde wise premýer Çary Gylyjow Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurduň bazarlaryny ilatyň isleg bildirýän harytlary bilen üpjün edilişi barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

“Şu maksat bilen Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, ýurdumyzyň önüm öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Söwda dükanlary azyk önümleri bilen, şol sanda gök önümler we miweler bilen bolelin üpjün edilýär” diýip, TDH ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme ýaşaýjy ýurduň bazarlarynyň diňe Täze ýyl baýramçylygynda däl, eýsem, elmydama-da azyk önümleri bilen üpjün edilmegini talap edýär.

Türkmenistanda azyk önümleriniň, hususan-da un-çörek önümleriniň ýiti ýetmezçiligi dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary, şol sanda Türkmenistan barada habarlary çap edýän beýleki garaşsyz habar serişdeleri soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda maglumat berip gelýär.

Tutuş ýurtda döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlaryň fonunda hatda paýtagtda-da çörek adam başyna çäkli möçberde satylýar.

28-nji noýabrda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri bu ýagdaýy suratlandyrýan wideo ýazgy paýlaşdy. Paýtagtyň dükanlarynyň biriniň öňünde dörän çörek nobatyny görkezýän wideoda her ele ikiden çörek satyn alýan ýaşaýjylary görmek bolýar.

Türkmenistanyň döwlete degişli söwda nokatlarynda harytlaryň bahalary resmi kesgitlenen nyrhlarda, ýagny hususyýetçilere garanyňda has ýeňillikli bahadan satylýar.

Ýurtdan iýmit önümleriniň gytçylygy barada habarlaryň gelip gowuşýan wagty, hökümet maslahatynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bazarlary azyk önümleri bilen üpjün etmek barada maslahat edilýär.

Döwlet metbugatynyň ýazmagyna görä, wise premýer Gylyjowyň hasabatyny diňlän prezident Berdimuhamedow oňa “daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek, içerki we daşarky bazarlaryň islegini öwrenmek” barada tabşyryk beripdir.

Gylyjow hasabatynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bazarlary azyk önümlerinden doldurmak işlerini ýerli öndürijiler we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde alyp barýandygyny aýtdy.

Ýatlasak, 23-nji noýabrda Azatlygyň paýtagtly habarçysy Aşgabadyň uly bazarlarynyň administrasiýalarynyň daýhanlaryň söwdasyna gadagançylyk girizendigini, olary çäklendirmek bilen diňe Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine uly bazarlarda gök-bakja önümlerini satmaga rugsat berilýändigini habar berdi.

Galyberse-de, hökümet maslahatynda wise premýer Täze ýyl arçasyny getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat beripdir.

Ýatlasak, prezident Berdimuhamedow 16-njy noýabrda geçiren maslahatynda Aşgabadyň täze ýyl bezegleriniň türkmen äheňlerinde bolmagyny talap edipdi.

Munuň yzýany, Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy 21-nji noýabrda häkimiýetleriň ýetip gelýän doňuz ýylyna degişli Täze ýyl bezeglerinde doňuzyň şekillerini ulanmaga gadagançylyk girizendigini habar berdi.

Hökümetiň täze ýyly bazarlary azyk önümlerinden we beýleki harytlardan doluryp garşylamaga görýän taýýarlyklarynyň fonunda, 27-nji noýabrda Azatlygyň Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy mundan ozal Türkmenistanda her adam başyna 4-5 kilogram aralygynda resmi bahadan satylýan unuň mundan beýläk maşgala başyna 10 kilograma düşürilendigini habar berdi.

Döwlet metbugaty azyk gytçylygy barada maglumat çap etmeýär.

XS
SM
MD
LG