Wengriýanyň döwlet telewideniýesiniň binasynyň daşynda müňlerçe adam protest geçirdi. Demonstrantlar tertip bäş gün bäri premýer-ministr Wiktor Orbanyň sagçy hökümetine garşy ýöriş geçirýärler.
Demonstrantlar “Biz gitmeris”, “Olar gije-gündiz bize ýalan sözleýärler!” diýen şygarlary hem gegyrdylar.
Iki kanunçykaryjy binanyň içine girip Orbana garşy petisiýany efirde okamakçy bolanlarynda, daşary çykaryldylar. Orbanyň Wengriýanyň sudlaryny, mediasyny we ýurduň syýasy ulgamynyň beýleki pudaklaryny öz täsiriniň astyna geçirýändigi aýdylýar.
Göni efirde okalmaga synanyşylan petitsiýada medianyň we sudlaryň garaşsyzlygyna, şeýle-de "gulçulyyk" diýlip atlandyrylan hökümet kanunlarynyň ýatyrylmagyna çagyryş ediliýärdi.
Binanyň daşynda parlamentiň ona golaý agzasy hem protestçiler bilen birlikde gijäni geçirdi.
Protestler hepdede alty gün iş tertibini täzeden girizmäge mümkinçilik berjek kanun taslamasyna garşy döräpdi.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!