Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ministr aýlyklaryň doly geçirilendigini aýdýar, emma raýatlar bankomatlarda pul tapmaýar


Illýustrasiýa suraty

Duşenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministri ähli edara-kärhanalarda şu ýylyň dekabr aýy üçin degişli tölegleriň doly geçirilendigini habar berdi. Emma Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz Aşgabatdaky we Balkandaky habarçylary bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygyny habar berýärler.

17-nji dekabrda ministr B.Bazarow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl baýramy mynasybetli dekabr aýynyň aýlyk haklaryny, talyp haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny möhletinden öň tölemek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident hasabaty diňläp, “Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda watandaşlarymyzyň zähmet haklaryny, talyp haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny almagy netijesinde nurana baýramy agzybirlikde hem-de bolelinlikde toýlajakdygyny” aýtdy.

Emma Azatlygyň paýtagtdaky we Balkandaky habarçylary dekabr aýy üçin tölegler plastik bank kartlaryna geçirilip başlansa-da, bankomatlarda nagt puluň ýetmezçilik edýändigini we olaryň aglabasynyň hem işlemeýändigini aýdýarlar.

“Indi 14-nji dekabrdan bäri Türkmenbaşy şäherindäki esasy bankomatlaryň her biriniň öňünde her gün 30-40 adam zähmet hakyny nagtlaşdyrmak üçin nobata durýar. Magtymguly prospektindäki “Halkbank” we deňizçiler klubynyň golaýyndaky “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banklarynyň öňündäki bankomatlarda nobatlar irden sagat 8-den tä iňrik garalýança dowam edýär” diýip, anonim şertde habarlaşan balkandaky habarçylarymyzyň biri aýtdy.

Ol käte nobata duran adamlaryň arasynda dawa-jenjeliň hem bolýandygyny belläp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Howanyň temperaturasy 0 gradusa çenli ýetýän şu günlerde adamlar sowukda ençeme sagat durman, puluny çalt nagtlaşdyryp gidesi gelýär. Käbir adamlar hem nobatyň öňüne geçesi gelýär. Adamlar hem goýbermejek bolýar. Şeýlelikde, goh-galmagallar köp bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň Balkanyň Türkmenbaşy şäherindäki edara binasy
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň Balkanyň Türkmenbaşy şäherindäki edara binasy

Habarçy bankomatlarda käte 3-4 günläp puluň bolmaýandygyny belläp, bank resmileriniň hem ertir synanyşyp görmegi maslahat berýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri hem, paýtagtda-da edil şeýle ýagdaýyň gaýtalanýandygyny, munuň Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň Görogly köçesindäki şahamçasynda has hem gözgynydygyny aýtdy.

“Bu bank şahamçasynyň öňünde azyndan bäş sany bankomat bar. Ýöne olaryň diňe ikisi işleýär. Onuň öňünde azyndan 30-40 adam nobata dur. Olaryň arasynda çagaly gelinler hem bar. Bankomatlardaky pul uzaga gitse iki sagatda gutarýar. Şondan soň gaýtadan pul gelmeýär” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “10 ýyl abadançylyk” köçesindäki “Köpetdag” şahamçasynda hem şeýle ýagdaýlary synlasa bolýar.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň zähmet haklaryny we talyp haklaryny bank hasaplaryna geçirmek işleri soňky bäş ýyllykda tapgyrlaýyn amala aşyryldy. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap pensionerleriň pensiýa haklary we mümkinçiligi çäkli adamlaryň hem-de çagaly eneleriň kömek pullary hem plastik bank kartlaryna geçirilip başlandy.

Tölegleriň bank kartlaryna geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda raýatlar aýlyk haklaryny, talyp haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bilýärler.

Muňa derek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi websaýtynda berilen maglumatlara görä, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurduň çäginde 14 858 sany töleg terminaly hasaba alnypdyr.

Azatlyk Radiosy we garaşsyz habar serişdeleri ýurtdaky bankomatlaryň kadaly işlemeýändigi, olarda nagt pul ýetmezçiliginiň yzygiderli duýulýandygy barada habar berip gelýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu barada dymyp, muňa derek Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň resmi websaýtynda tutuş ýurt boýunça töleg terminallarynyň 545 sanysynyň gije-gündiziň dowamynda yzygiderli işleýändigi aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG