Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň bankomatlarynda nagt ýetmezçilik edýär


Türkmenistanda bir bankomat. Arhiwden alnan surat.
Türkmenistanda bir bankomat. Arhiwden alnan surat.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýaşaýjylar özleriniň bank kartlaryndaky maliýe serişdelerini bankomatlarda nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär, bankomatlaryň öňünde uzyn nobatlar döreýär diýip, 12-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar pullaryny nagtlaşdyrmak umydy bilen, şäheriň tas ähli bankomatlaryna aýlanyp çykmaly bolýarlar, ýöne olarda köplenç nagt pul tapdyrmaýar.

“Türkmenabatda diňe Halkbankyň bankomatlarynda çäklendirilen möçberde nagt pul elýeterli bolýar. Olardan diňe 200 manada çenli nagtlaşdyryp bolýar” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Ol pully bankomatlaryň öňünde uzyn nobatlaryň döreýändigini nygtady.

“Köplenç nagt pul nobata garaşýanlaryň ählisine ýetmeýär” diýip, ol Halkbankyň bankomatlarynyň öňünde döreýän nobatlar hakda maglumat berdi.

“Iki sany pully bankomat bar, olaryň öňünde nobata durýan adamlaryň sany azyndan 150 adama ýetýär. Hemmeler şol bankomatlaryň töweregine üýşýär, sebäbi beýleki bankomatlarda pul ýok” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, bankomat nobatyna garaşýan adamlar zeýrenýärler, birek-biregiň göwnüne degýärler.

Türkmenabat şäherinde Halkbankyň edara binasy Saparmyrat Nyýazow köçesinde ýerleşýär.

11-nji dekabrda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” hem ýurduň dürli künjeklerinde bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlar barada habar berdi.

“Paýtagtda we ýurduň beýleki regionlarynda ýerleşýän bankomatlaryň öňünde nobatlar göze ilýär. Adamlar noýabr üçin aýlyk haklaryny nagtlaşdyrmaga synynaşýarlar ýöne bankomatlardan amal başyna çekip bolýan puluň möçberi 100-150 manatdan köp däl” diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” ýazýar.

Býujet işgärleriniň aýlyk haklaryny bank hasaplaryna geçirmek işleri Türkmenistanda soňky bäş ýyllykda tapgyrlaýyn amala aşyryldy.

Aýlyk tölegleri bank kartlara geçirmek işleriniň iň soňky tapgyry 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap pensionerlere, döwletden kömek pullaryny alýan mümkinçiligi çäkli adamlara we çagaly enelere degişli edildi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sany 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 1 million 709 müň 603-e ýetipdir, şeýle-de ýurduň çäginde 14 858 sany töleg terminaly hasaba alnypdyr. Bu sanlar baradaky maglumatlaryň täzelenen görnüşi elýeterli däl.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda “Pul we alyş-çalyş meseleleri hakyndaky” karara gol çekdi. Bu karara gol çekilmegi bilen Türkmenistanda bank kartly töleg ulgamlaryny ornaşdyrmak işleriniň depgini güýçlenendigi habar berildi.

Galyberse-de, Türkmenistanyň bank resmileri ýurtda nagt däl görnüşinde tölegleri amala aşyrmak üçin hem işleriň alnyp barylýandygyny öňe sürýär, ýöne ýurtdan gelip gowuşýan habarlarda nagt däl görnüşinde töleg tölemäge niýetlenen terminallaryň sany juda ujypsyzlygynda galýar.

Türkmen metbugaty ýurduň sanly ykdysadyýete geçýändigini yzygiderli gaýtalaýar, ýöne munuň alamatlaryny görkezýän anyk mysallar barada gürrüň edilmeýär.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany adamlar saçak bezäp, birek-birege sowgatlyk almagyň aladasyny edýär. Bankomatlaryň öňünde döreýän nobatlar baýramçylyga taýýarlyk işleriniň fonunda bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG