Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Talybanyň” ýokary derejeli kommandiri öldürildi


Owgan esgeri Helmand welaýatynda gözegçilik edýär. Arhiw suraty.
Owgan esgeri Helmand welaýatynda gözegçilik edýär. Arhiw suraty.

Owganystanda hökümet güýçleriniň geçiren operasiýasynyň dowamynda “Talybanyň” ýokary derejeli kommandirleriniň biri öldürildi.

Goranmak ministrligiň beren maglumatyna görä, Bilal Zadran ýurduň gündogaryndaky Paktika welaýatynda öldürilipdir.

Zadran “Talybanyň” “Gyzyl düzüm” hem diýlip atlandyrylýan ýörite güýçlerine ýolbaşçylyk edýärdi.

Ministrlik Zadranyň gözegçilik eden Ghazni, Paktia, Paktika, Khost we Logar welaýatlarynda durnuksyzlygy ornaşdyrmakda uly rol oýnandygyny aýtdy.

Kabul “Talybana” söweş meýdanlarynda has köp basyş etmek, şeýle-de parahatçylyk gepleşiklerine böwet bolýan meýdan kommandirlerini aradan aýyrmak maksady bilen, jeňçi toparynyň ýokary derejeli kommandirlerini nyşana alyp başlady.

2-nji dekabrda ABŞ-nyň we owgan ýörite güýçleriniň bilelikdäki operasiýasynda “Talybanyň” Helmand welaýatyndaky häkimi we jeňçileriň ýurduň günortasyndaky ýokary derejeli harby kommandiri öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG