Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp ABŞ-ly esgerleriň Siriýadan çykyp başlandygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren wideosynda Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy “taryhy ýeňiş gazanylandan soň”, ABŞ-ly esgerleriň “ählisiniň yzyna dolanýandygyny” aýtdy.

“Biz ISIS-den üstün çykdyk. Biz olary ýençdik, biz olary gaty erbet ýençdik” diýip, Tramp belledi.

“Indi biziň esgerlerimiziň öýlerine dolanmagyna wagt geldi” diýip, Tramp sözüne goşdy.

ABŞ resmileriň habar serişdelerine beren maglumatyna görä, prezident Siriýadaky esgerleriň sanyny göz-görtele azaltmak kararyna gelipdir. Ak Tamyň metbugat wekili Sarah Sanders 2 müňden gowrak ABŞ-ly esgeriň Siriýadan çykarylyp başlanandygyny mälim etdi.

Respublikanlaryň we Demokratlaryň köpüsi bu ädimi ýazgardylar. Käbirler munuň ABŞ-nyň goldamagyndaky kürt söweşijilerine dönüklik etmek bolýandygyny aýtdylar. Beýlekiler bolsa, ýeňişiň Russiýanyň we Eýranyň adyna geçýändigini bellediler.

Siriýada ýedi ýyl bäri graždançylyk urşy gidýär.

Russiýa we Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýarlar. ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa bolsa hökümete garşy söweşýän siriýaly araplary we kürt ýaranlygyny goldaýardy. Türkiýe hem hökümete garşy söweşýän dürli toparlary goldaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG