Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda A-80 markaly benziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygy dowam edýär


Türkmenistandaky ýag-ýangyç guýulýan stansiýalaryň biri

Azatlyk Radiosynda Lebap welaýatynda A-95 markaly benziniň wagtlaýyn satylyp, soňra ýene bes edilendigi barada dekabryň ortalarynda berlen habardan soň, bu awtoulag ýangyjy gaýtadan ilata elýeterli edildi. Şol bir wagtda, A-80 markaly benziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygy saklanyp galýar.

“A 95 markaly benzin satylyp başlandy. Kerkiniň ýag-ýangyç guýulýan stansiýalarynyň her birinde öň günde 2 tonna ýangyç satuwa çykarylýan bolsa, häzir bu 4 tonna çykaryldy” diýip, Azatlygyň anonim şertde habarlaşan lebaply habarçysy aýtdy.

Ýöne ol A-95 markaly benziniň satylyp başlanmagy bilen problemanyň çözülmeýändigini, sebäbi A-80 markaly benziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygynyň dowam edýändigini belledi.

“Ulag sürüjileriniň köpüsi A-80 markaly benzinden ýa-da dizel ýangyjyndan peýdalanýar. Esasan-da, mikroawtobuslar we ýük ulaglary diňe dizelden peýdalanýar” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ulag ýangyçlarynyň bu görnüşleriniň gytçylygy ýag-ýangyç guýulýan stansiýalaryň işgärleriniň olary näresmi görnüşinde gymmat bahadan satmagyna getirdi.

“Dizel ýangyjynyň hakyky satuw nyrhy 1 manat 40 teňňä barabar, ýöne ony 2 manatdan satýarlar. A-80 markaly ýangyjyň hakyky satuw nyrhy 1 manat 20 teňňä deň, emma ony 1 manat 60 teňňeden satýarlar. Ýük ulag sürüjilerine dizel ýangyjyny hiç hili bökdençsiz satýarlar. Sebäbi olar ýangyjy gymmat bahadan hem satyn alýarlar. Şol sebäpli ýag-ýangyç guýulýan stansiýalaryň işgärlerine dizeli ýük ulag sürüjilerine satmak has peýdaly bolýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Habarçy A-95 markaly benziniň bolsa öz bahasyndan satylýandygyny aýtdy, ýöne ýag-ýangyç guýulýan stansiýalarda nobatlaryň heniz hem saklanyp galýandygyny belledi.

Dekabr aýynyň başynda Azatlyk Radiosy Lebabyň we Daşogzuň ýangyç satýan stansiýalarynda awtoulaglar üçin benzin gytçylygynyň emele gelendigini, onuň köplenç satuwda bolmaýandygyny we bolan wagtynda uly nobatlaryň döreýändigini habar berdi.

Şonda habarçy Lebabyň Kerki we Çärjew etraplarynda A-80 markaly benziniň hem çäkli möçberde satylýandygyny aýdypdy.

Şu aýyň ortalarynda bolsa, Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän etraplarda wagtlaýyn A-95 markaly benzin ilata elýeterli edildi, ýöne soňra onuň satuwy ýene bes edildi.

Şonda Lebabyň çäginde ýerleşýän ýangyç guýujy stansiýalarda awtoulag ýangyjynyň käbir beýleki görnüşleriniň – A-80 markaly we dizel ýangyjynyň – gytçylygy hem emele geldi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda “Türkmennebitönümleri” döwlet kärhanasyndan kommentariýa almak häzirlikçe başartmaýar.

Emma Türkmenistanda emele gelen ýangyç gytçylygy türkmen häkimiýetleriniň ulag ýangyjyny daşary ýurt telekeçilerine satandygy barada resmi mediada peýda bolan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Türkmenistan Altyn Asyr” websaýtynyň 15-nji dekabrda beren maglumatyna görä, daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.

Neşir özüniň 8-nji we 2-nji dekabrda aýry-aýrylykda beren maglumatlarynda hem, daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçileriň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn alandygyny habar berdi.

Resmi medianyň 24-nji noýabrda beren habarynda ýene “Owganystandan gelen telekeçileriň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk mazudy satyn alandygy” aýdyldy.

Ýöne şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna ýurtda emele gelen ýangyç gytçylygynyň bu söwda ylalaşyklary bilen gönümel bagly bolup-bolmandygyny anyklamak häzirlikçe başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG