Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda we Lebapda benzin gytçylygy döredi


Ýangyç satýan stansiýa, Türkmenistan (arhiw suraty)
Ýangyç satýan stansiýa, Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda ýene-de awtoulaglar üçin ýangyjyň gytçylygy döredi. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Lebabyň we Daşogzuň ýangyç satýan stansiýalarynda köplenç benzin satuwda bolmaýar, bolan wagtynda uly nobatlar döreýär.

"Eýýäm iki hepdä golaý wagt bäri Daşoguz şäherinde we etraplarda benziniň söwdasy bökdeýär. Şeýle ýagdaý Lebabyň ähli ýerlerinde dowam edýär. А-95 markaly benzin zaprawkalara düýpden getirilmeýär. Diňe А-80 bolýar, emma çäkli möçberde" diýip, 3-nji dekabrda Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, käbir ýangyç stansiýalary benzin bolmansoň boş durýar. Benziniň satylan wagtynda örän köp awtoulag üýşýär, ýangyç çäklendirilip satylýar.

"Diňe 10 litrden, käwagt 20 litrden satýarlar. Emma bu ýagdaýda-da köp adama ýetmeýär. Men penşenbe güni Kerkä we Çärjewe (häzirki ady Türkmenabat - red.) baryp gaýtdym, zaprawkalarda awtoulaglaryň köplüginden olaryň ýanyna barar ýaly däldi. Käbir ýangyç stansiýalar düýpden boş durýar, sebäbi benzin ýok" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Habarçymyzyň bellemegine görä, Lebap welaýatynda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy noýabr aýynyň ortalarynda döräpdir. Şol bir wagtda-da, regionda ýangyjy üstüne pul goşup satýan söwdegärlerden almak mümkinçiligi bar.

Benziniň gytalmagynyň fonunda Türkmenistanda ýangyjyň gymmatlamagy bilen bagly aladalanmalar güýçlenýär. Oktýabryň başynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri A-95 we A-80 markaly benziniň 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan iki esse gymmatlajagyny aýdypdy.

Oktýabr aýynyň aýagynda benzin nobatlary paýtagtyň ýangyç stansiýalarynda hem döräpdi. Azatlygyň habarçylary ilatyň ätiýäçlyk üçin benzini satyn alyp goýmaga çalyşýandygyny we munuň üçin hatda üstüne pul goşup satyn alýandygyny habar beripdi.

“Ilatyň arasyndaky aljyraňňylyk soňky bäş günüň dowamynda hasam güýçlendi. Köpçülik agşamlaryna awtoulaglar azalansoň ýangyç stansiýalaryna baryp, benzin satyn alyp goýýarlar. Ony 20-30 litrlik gaplara guýdurýarlar. Ýangyç stansiýalaryň işgärleri benzini her litrine 20-30 teňňeden goşup satýarlar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 24-nji oktýabrda habar berdi.

Türkmenistanda dörän benzin gytçylygynyň fonunda ýurduň hökümeti şu ýylyň dowamynda birnäçe gezek nebit önümleriniň, şol sanda benziniň önümçiligi boýunça planyň aşyrylyp, doldurlandygyny aýdypdy. Döwlet metbugatyna görä, hususan-da, 2018-nji ýylyň birinji iki aýynyň netijesinde nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň Türkmenbaşy toplumy 315 müň tonnadan gowrak dürli markaly benzin öndüripdir, önümçiligiň ösüşi 104,8%, eksportyň möçberi 37,7%-den aşypdyr.

Türkmenistanda benziniň gytçylygy we gymmatlamagy ençeme gezek ýüze çykypdy. Ozalky ýyllaryň tejribelerine görä, ýurduň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri benziniň gymmatlamagy barada ilaty ne öňünden, ne-de soňundan habarly edipdi.

Geçen gezek Türkmenistanda benzin şu ýylyň fewral aýynda gymmatlapdy, onuň nyrhy 50% göterilipdi. Benziniň gymmatlamagynyň öňüsyrasynda ýangyç satýan stansiýalarda uly nobatlar döräpdi, birnäçe günläp benzin satuwda bolmandy. Ýangyç stansiýalarynda polisiýa gözegçilik alyp barypdy.

Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

XS
SM
MD
LG