Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanda “hukuk bozmalara, gynamalara baş goşulýar”


Çeçenistanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrow

Russiýanyň Çeçenistan respublikasynda resmiler adam gynamalaryna, zorlukly ýitirim edilmelere we adam hukuklary babatyndaky beýleki kanun bozmalara baş goşýarlar diýip, ýakynda taýýarlanan ekspert hasabatynda bellenilýär.

Çeçenistandaky adam hukuklarynyň depelenmegi baradaky hasabat Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda hödürlendi.

Raportda adam hukuklaryny goraýjylaryň, aklawçylaryň, garaşsyz žurnalistleriň we LGBT jemgyýetiniň agzalarynyň basyşlara sezewar edilýändigi bellenilýär.

Dokumentde adam hukuklary meselesinde Çeçenistanda “jogapkärsizlik klimatynyň” emele gelendigi hem nygtalýar. Mundanam başga, Çeçenistandaky bidüzgünçilikleri derňemeli “rus resmileriniň öz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmeýändigine çalym edýändigi” aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG