Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain deputatlary Moskwa ygrarly prawoslaw kilisesiniň adyny üýtgetmek taslamasyny kabul etdiler


Ukrain prezidenti Petro Poroşenko (çepde), parlamentiň spikeri Andriý Parubiý (sagda) we Ukrainanyň garaşsyz Prawoslaw kilisesiniň täze saýlanan başlygy Metropolit Epifaniý.

Ukrainanyň parlamenti Moskwa Patriarhatynyň Ukrain Prawoslaw Kilisesiniň adyny üýtgetmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi.

Parlamentiň 240 agzasy bu taslamany goldap ses berdi.

Bu aralykda, parlament binasynyň daşynda ýüzlerçe adam köpçülikleýin doga-dileg edip, hödürlenen kanun taslamasyna garşy çykdylar.

Moskwa Patriarhatynyň Ukrain Prawoslaw Kilisesi prezident Petro Poroşenko ýüzlenip, kanunyň Konstitusiýa çapraz gelýändigini aýdyp, oňa weto goýmaga çagyrdy.

Hödürlenen kanun taslamada Ukraina garşy söweş alyp barýan ýa-da ukrain topraklaryny basyp alan ýurtlarda merkezleri ýerleşen dini guramalaryň, haýsy tarapa degişlidigini aýan etmekleri üçin, atlaryny üýtgetmegi talap edilýär.

Kanun taslamasyna laýyklykda, Russiýa ygrarly Moskwa Patriarhatynyň Ukrain Prawoslaw Kilisesiniň adyna “Russiýa” sözi goşulmaly bolar.

Moskwa 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy, şeýle-de ýurduň gündogarynda Kiýew hökümetine garşy söweşýän separatistleri goldap başlady. 2014-nji ýylyň aprelinde başlanan konfliktde 10 müň 300 adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG