Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň goranmak sekretary wezipesinden çekilýär


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis öňümizdäki ýylyň başynda öz wezipesinden çekiler.

Işden gitmek baradaky arzasynda Mattis özüniň, şol sanda Russiýa we Hytaý babatyndaky garaýyşlarynyň prezident Donald Trampyňky bilen “gabat gelmeýändigini” belledi.

Tramp özüniň Twitter hasabynda Mattisiň 2019-njy ýylyň fewralynda goranmak sekretary wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi. Munuň yzy bilen, Mattis prezidente ýazan hatyny jemgyýetçilige aýan etdi.

ABŞ kanunçykaryjylary, hem Demokratlar, hem-de Respublikanlar Mattisiň çekilmegine bada-bat alada bildirdiler.

Demokratlaryň Senatdaky lideri Mattisiň çekilmeginiň ABŞ administrasiýasyndaky “bulaşyklygy” görkezýändigini aýtdy.

Wekiller öýüniň spikeri bolmaly Nansy Pelosi Mattisiň işden çekilmek arzasyndan “tisginendigini” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG