Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soňky birnäçe hepde bäri “Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabat – Pariž – Aşgabat gatnawlary ýatyrylýar


"Türkmenhowaýollaryna" degişli ýolagçy uçary
"Türkmenhowaýollaryna" degişli ýolagçy uçary

Soňky birnäçe hepde bäri Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Pariže amala aşyrýan uçar gatnawlary ýatyrylýar. Muňa kompaniýanyň Parižiň Şarl de Goll aeroportynyň öňündäki bergileriniň sebäp bolandygy habar berilýär.

Bu barada atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmesi 20-nji dekabrda habar berdi.

“Parižiň aeroportyna bolan bergileri sebäpli “Türkmenhowaýollary" agentligi noýabr aýyndan başlap, Pariže barýan we Parižden gaýdýan uçuşlaryny ýatyrdy. Pariže gitmek üçin öňünden bilet alan ýolagçylaryň ählisine biletlerini yzyna tabşyrmaklyk ýa-da ugurlaryny [Türkmenhowaýollarynyň] Frankfurt reýsine çalyşmaklyk soralýar” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Türkmenhowaýollarynyň” Pariže barýan reýsleriň ýatyrylandygy sebäpli, uçuş gatnawyny Aşgabat – Frankfurt ugry boýunça üýtgeden adamlar Frankfurt – Pariž aralygyndaky biletlerini aýratyn satyn almaly bolýarlar.

“Türkmehowaýollary agentliginde Aşgabat – Pariž gatnawlarynyň martyň aýagyna çenli ýatyrylandygy aýdyldy” diýip, çeşme habar berdi.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Pariždäki wekili Pariž – Aşgabat aralygyna öňünden bilet alan ýolagçylaryň soraglaryna berýän jogabynda, degişli uçuşlaryň Parižden däl Frankfurtdan amala aşyryljakdygyny duýdurýar. Bu barada “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Pariždäki wekili bilen habarlaşan bir ýolagçy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Gürrüňdeşligiň 20-nji dekabrda Azatlyga ugradylan ses ýazgysynda “Türkmehowaýollarynyň” wekili Pariž – Aşgabat aralygyna meýilleşdirilen uçuşlaryň Frankfurtdan amala aşyryljakdygyny aýdýar, Pariž gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylandygyny tassyklaýar, onuň sebäbini bolsa “tehniki” diýip düşündirýär.

“Gidýän gatnawlar öňünden meýilleşdirilen senede we sagatda Frankfurtdan amala aşyrylar. Şu hepde soňy we, belki-de, öňümizdäki hepde soňy üçin Pariž gatnawlary ýatyryldy. Munuň tehniki sebäpleri bar” diýip, Türkmenhowaýollary kompaniýasynyň Pariždäki wekili aýtdy.

21-nji dekabrda Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabatdaky edarasy bilen telefon arkaly habarlaşdy, ýöne Azatlygyň maglumat almak synanyşygy başa barmady.

Uçuş gatnawlary barada maglumat berýän airportia.com saýtynda “Türkmehowaýollary” agentliginiň Aşgabat – Pariž – Aşgabat aralygyna gatnaýan T5401 belgili gatnawynyň 14-nji noýabr – 15-nji dekabr aralygyndaky ähli uçuşlarynyň ýatyrylandygy görkezilýär.

Mundan ozal, 2016-njy ýylyň dekabr aýynda “Türkmenhowaýollaryna” degişli uçar Parižiň “Şarl de Goll” aeroportynda ozalky jerimelerini tölemändigi sebäpli saklanypdy.

Şonda Fransiýanyň Aeroportlardaky howanyň hapalanmagyna gözegçilik edýän ACNUSA edarasy “Türkmenhowaýollaryna” degişli uçaryň ses normalaryny bozandygy sebäpli 204 müň ýewrolyk jerimesini töleýänçä onuň Parižiň howa menzilinde saklanmagy barada karar çykarypdy.

Şeýle-de, 2016-njy ýylyň sentýabrynda, wagtynda töleg etmändigi sebäpli, “Türkmenhowaýollaryna” Russiýa Federasiýasynyň howa giňişliginden uçmak gadagan edilipdi. Şonda “Rosawiasiýa” 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli “Türkmenhowaýollarynyň” bergisiniň 220 müň dollara barabar bolandygyny mälim edipdi. Bu habaryň yzýany “Türkmenhowaýollarynyň” “Rosawiasiýanyň” öňündäki bergisini töländigi we gadagançylygyň aradan aýrylandygy barada maglumat gowşupdy.

“Türkmenhowaýollarynyň” Parižiň Şarl de Goll aeroportyna amala aşyrýan uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygy barada döwletiň habar serişdeleri halk köpçüligine maglumat bermedi.

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasy geçen ýylyň mart aýynda Açyk aksioner jemgyýete öwrüldi.

Bu kompaniýa ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde adatça pes bahalary alýar.

"Türkmehowaýollarynyň" gatnaw tertibine görä, Aşgabat - Pariz reýsleri hepdäniň her şenbe güni amala aşyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG