Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Solikamsk käninde galan 9 magdançynyň jesetleri tapyldy


Solikamsk, magdan känindäki haklas edijiler. 22-nji dekabr, 2018 ý.
Solikamsk, magdan känindäki haklas edijiler. 22-nji dekabr, 2018 ý.

Orsýetiň kaliý dökünlerini öndürýän kärhanasynyň käninden ýangyn zerarly çykyp bilmän galan dokuz magdançynyň ählisiniň jesetleri çykaryldy diýip, regionyň resmileri aýtdylar.

Perm ülkesiniň resmileri 23-nji dekabrda ilki sekiz jesediň tapylandygyny habar berdiler, emma biraz soň “Uralkaliýniň” Solikamsk şäheriniň golaýyndaky käninde galan dokuzynjy magdançynyň hem jesediniň tapylandygyny tassyk etdiler.

Permiň gubernatory Maksim Reşetnikow “biz bu dokuz magdançyny halas etmek üçin mümkin bolan ähli zady etdik” diýdi. “Olaryň ýanyna baryp ýetmek we ýangyny öçürmek üçin edilen alty synanyşyk puç boldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Magdançylary halas etmek we jesetleri tapmak işleri ýangyn we goýy tüsse sebäpli bökdençlige uçrady. Ýangyn Solikamsk käniniň 340 metr çuňlugynda turdy.

XS
SM
MD
LG