Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýanyň Sunda aýlagynda dörän suw joşguny azyndan 168 adamy öldürdi


Indoneziýa. Resmiler 30 adamyň tapylmaýandygyny habar berdiler. 23-nji dekabr, 2018 ý.
Indoneziýa. Resmiler 30 adamyň tapylmaýandygyny habar berdiler. 23-nji dekabr, 2018 ý.

Ada wulkanynyň partlamagy netijesinde dörändir öýdülýän suw joşguny (tsunami) Indoneziýanyň Sunda aýlagynda azyndan 168 adamy öldürdi, 750 çemesi adamy bolsa ýaralady diýip, resmiler aýtdylar.

Şeýle-de resmiler 30 adamyň tapylmaýandygyny habar berdiler.

Tsunamy bu sebite 22-nji dekabr güni giçlik gelip urdy we suw diwary içeri girip, ýüzlerçe jaýy we myhmanhanalary süpürip gitdi diýip, hökümet resmileri we şaýatlar aýtdylar.

Ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar agentliginiň bir resmisi häkimiýetleriň suw joşgunyndan zyýan ýeten ýerleriň maglumatlaryny toplamagy bilen, pidalaryň we ejir çekenleriň sanynyň köpelmek ähtimallygyny duýdurdy.

Indoneziýanyň Meteorologiýa we geofizika agentliginiň alymlary suw joşgunyna Anak Krakatau adasynda partlan wulkanyň sebäp bolandygyny güman edýärler, bu ada Ýawa we Sumatra adalarynyň aralygyndaky aýlakda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG