Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, koalisiýadaky wekiliniň protestinden soň, Siriýadan goşun çykarmak kararyny goraýar


Siriýa. Bronly harby tehnikada oturan ABŞ esgerleri. Manbij, 4-nji aprel, 2018 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp twitterde olar başda ol ýerde üç aý boljakdylar, emma ýyllap galdylar diýmek bilen, özüniň Siriýadan goşun çykarmak barada gelen kararyny ýene bir gezek gorap çykyş etdi.

“Siriýa babatda, biz owal-başda ol ýerde üç aý bolmakçydyk, özem bu ýedi ýyl ozal bolupdy” diýip, Tramp 22-nji dekabrda ýazdy.

“Biz ol ýeri hiç terk etmedik. Men prezident bolamda, YD möwç alýardy” diýip, ol “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň gysgaldylan adyny ulanyp aýtdy.

“Emma indi YD umuman ýeňildi we beýleki ýerli ýurtlar, şol sanda Türkiýe olardan näme galan-gaçan bolsa, barysynyň hötdesinden gelip biler. Biz öýümize dolanýarys!”

Tramp ýedi ýyl sanyny ulansa-da, ABŞ-nyň goşunlary Siriýada 2015-nji ýyla çenli ýerleşdirilmedi. Orsýetiň we Eýranyň prezident Başar al-Assada arka durmagy bilen, Siriýany 2011-nji ýyldan bäri ganly raýat urşy gaplap aldy. Birleşen Ştatlar we Türkiýe bu uruşda dürli pitneçi toparlary goldadylar.

Prezidentiň bu sözleri onuň YD-a garşy göreşýän halkara koalisiýadaky ABŞ wekiliniň işden çekilendigini tassyklan wagtyna gabat geldi. Aýdylmagyna görä, amerikan wekili Trampyň ABŞ goşunlaryny Siriýadan çykarmak baradaky kararyna protest edip, işden çekildi.

Bu wezipä prezident Barak Obama tarapyndan bellenen we Tramp tarapyndan saklanan wekil Brett MakGurk işden çekilmek baradaky arzasyny 21-nji dekabrda gowşurdy.

“The Associated Press” agentliginiň 22-nji dekabrda ady aýdylmadyk, emma işden çekilmek baradaky arzanyň mazmunyndan habarly resmä salgylanyp beren habaryna görä, MakGurk öz weipesini şu aýyň aýagynda terk eder.

Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, MakGurk öz işden çekilmek baradaky hatynda YD jeňçileriniň entek ýeňilmändigini, ABŞ goşunlarynyň wagtyndan irçykarylmagynyňolara gaýtadan toplanmak mümkinçiligini beripbiljegini belledi.

Şu aýyň başynda, Tramp Siriýadaky 2 müň amerikan esgerini yzyna çykarmak baradaky kararyna yglan etmezinden öň, MakGurk žurnalistlere Siriýadaky YD ýeňildi diýip hasaplamagyň “geleňsizlik” boljakdygyny aýtdy.

Tramp MakGurkyň işden çekilmegini 22-nji dekabr güni giçlik tassyklady we twitterde wekiliň işini “fewralda bes etmelidigini, emma wagtyndan sähel öň çekilendigini” belledi. “Göze iljek bolýarmy? Galp habar hiç ýok ýerden uly zat ýasaýar!” diýip, Tramp ýazdy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Trampyň bu gelen karary netijesinde 20-nji dekabrda, prezident özüne “has pikirdeş” goranmak sekretaryna mynsyp diýip, işden çekildi.

Ýagdaýdan habarly adamyň “Roýters” habar agentligine aýtmagyna görä, Mattisiň işden çekilmegi MakGurkyň işden çekilmegine “düýpli täsir” ýetirdi.

ABŞ-nyň kanun çykaryjylary we ozalky hökümet liderleriniň köpüsi, iki partiýadan-da, Trampyň Siriýadan goşun çykarmak barada gelen kararyny ýazgardylar. Olar bu karara harbylar ýa ýaranlar bilen maslahatlaşylmazdan gelnendigini we munuň Siriýada aktiw hereket edýän Orsýete we Eýrana ýeňiş getirendigini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG