Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň prezidenti täze goranmak we içeri işler ministrlerini belledi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani. Arhiw suraty. 28-nji noýabr, 2018 ý.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani. Arhiw suraty. 28-nji noýabr, 2018 ý.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Owganystanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ozalky başlygy Assadullah Khalidi goranmak ministri wezipesine, ozalky aňtaw başlygy Amrullah Salehi içeri işler ministri wezipesine belländigini yglan etdi.

Gani bu habary 23-nji dekabrdaky kararynda yglan edip, öz hökümetinden wezipä hödürlenen adamlaryň parlament tassyklanmasyna iberilmegini sorady.

Bu kararlaryň resmi sebäbi aýdylmady.

Khalid bilen Salehiň ikisi-de ozalky prezident Hamid Karzaý wagtynda milli howpsuzlyk müdirýetiniň başlygy bolup işledi.

Olaryň ikisi-de Pakistany “Talyban” pitneçiliginiň arkasynda durmakda günäledi we Yslamabadyň “terroryň howandary” diýlip atlandyrylmagyna çagyrdy.

Khalid 2012-nji ýylda, Kabulda janyna kast etmek synanyşygy guralanda agyr ýaralandy.

Prezidentiň bu gelen kararlary Owganystanyň 2019-njy ýylyň apreline bellenen prezident saýlawlarynyň öň ýanyna, ABŞ-nyň Owganystandan müňlerçe esgeri çykarjagy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG