Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmaryň sudy Reuters neşiriniň iki žurnalistiniň şikaýat işini diňleýär


Iki žurnalist 2017-nji ýylyň dekabr aýynda tussag edilipdi.
Iki žurnalist 2017-nji ýylyň dekabr aýynda tussag edilipdi.

24-nji dekabrda Mýanmaryň sudy Reuters neşiriniň iki habarçysynyň ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi boýunça edilen şikaýat işiniň diňlenişiginde subutnamalary diňledi.

32 ýaşyndaky Wa Lone we 28 ýaşyndaky Kyaw Soe Oo 2017-nji ýylyň dekabr aýynda tussag edilip, şu ýylyň sentýabrynda, hamana, döwlet syralaryny saklamakda aýyplanyp, ýedi türme tussaglygyna höküm edildi. Bu höküm diplomatlaryň we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistleriň nägile çykyşlaryna sebäp boldy.

Geçen aý habarçylaryň aklawçylary bu höküme garşy şikaýat bilen suda ýüz tutdylar.

24-nji dekabrda sud diňlenişigi soňa goýulmazdan öň, tussaglary goraýan we olary garalaýan aklawçylar bir sagada golaý wagt öz subutnamalaryny hödürlediler. Sud bu diňlenişik barada haçan karar çykarjakdygyny mälim etmedi.

Gürrüňi gidýän žurnalistler Mýanmaryň armiýasynyň gozgalaňa garşy kampaniýany amala aşyrandygy we munuň netijesinde 700 müňden gowrak rohingýa musulmanynyň Bangladeşe gaçyp gitmäge mejbur bolandygy barada habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG