Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda söweşijileriň hüjüminde onlarça adam wepat boldy


Owganystanyň polisiýa wekili hüjümiň bolan ýerinde, Kabul, 24-nji dekabr, 2018
Owganystanyň polisiýa wekili hüjümiň bolan ýerinde, Kabul, 24-nji dekabr, 2018

Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, söweşijileriň Kabulyň gündogar böleginde hökümet edaralaryna eden hüjümi zerarly azyndan 43 adam wepat bolupdyr. Bu ýerde birnäçe sagatlap ok atyşyk dowam etdi.

Saglyk ministrliginiň metbugat-wekili Waheed Majroh 24-nji dekabrda Jemagat ministrliginiň we beýleki döwlet edaralarynyň ýerleşýän binasyna edilen hüjümiň netijesinde ýene 25 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Söweşijileriň hüjümi janyndan geçen hüjümçiniň binanyň girelgesinde bombasyny partlatmagyndan soň başlandy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahimi sekiz sagada çeken söweşlerden soň 350 işgäriň halas edilendigini aýtdy. Şeýle-de, resmi howpsuzlyk güýçleriniň üç sany ýaraglyny atyp öldürendigini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini dessine hiç kim öz üstüne almady. Geçmişde şeýle hüjümleri amala aşyrmakda "Talyban" we "Yslam döwleti" toparlary aýyplanypdy.

XS
SM
MD
LG