Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmiler 'Pussy Riot' agzasynyň oturan koloniýasynda 'iş gulçulygynyň' üstüni açdylar


Orsýetli aktiwist Nadežda Tolokonnikowa
Orsýetli aktiwist Nadežda Tolokonnikowa

Orsýetiň Tussaghanalara gözegçilik boýunça federal gullugy (FSIN) Mordowiýadaky aýallar koloniýasynda zenan tussaglaryň arasynda gulçulyk ýagdaýlaryň bolmagyna degişli jenaýat işini gozgamagy prokurorlardan sorady.

FSIN gullugynyň başlygynyň orunbasary Waleriý Maksimenkonyň 24-nji dekabrda aýtmagyna görä, IK-14 tussaghanasynyň müdiri Ýuriý Kupriýanow we ýene sany takyk edilmedik ençeme resmi işden boşadylypdyr.

K-14 tussaghanasynda tanymal aktiwist Nadežda Tolokonnikowa türme möhletiniň uly bölegini geçiripdi. Tolokonnikowa Moskwanyň baş kilisesinde "Pussy Riot" syýasy saz toparynyň düzüminde eden çykyşy üçin iki ýyl türmä höküm edilipdi.

2013-nji ýylda amnistiýada tussaglykdan boşadylan aktiwist şondan bäri orsýetli tussaglaryň hak-hukuklary ugrunda göreşýär.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Tolokonnikowa açyk hat ýazyp, türmedäki ýowuz şertler barada şikaýat edip, türmedäki ýagdaýy gulçulyk şertleri diýip atlandyrypdy we tussaglar babatyndaky zulum barada habar beripdi. Ol tussag zenanlaryň günde 16-17 sagatlap işledilýändigini we olara sekiz hepdeden bir gün dynç berilýändigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG