Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rim Papasy Fransis dünýäniň has sada bolmagyna çagyrdy


Rim Papasy Fransis, Watikan, 24-nji dekabr, 2018

Rim Papasy Fransis dünýäniň has sada bolmagyna, aşa maddy bolmazlygyna çagyrdy we baý-garyplaryň arasyndaky ägirt uly aratapawudy ýazgardy.

Fransis bu çykyşyny 24-nji dekabrda gije Watikanyň San Peter ybadathanasynda Kristmasyň öňýanyndaky adaty ybadatynda etdi.

82 ýaşly Papa Ysa pygamberiň garyplykda we asudalykda dogulmagynyň her bir adama durmuşyň hakyky manysy barada habar berýändigini belledi.

Fransis Ysanyň dogulmagynyň durmuşyň täze ýoluny, ýagny onuň "iýmek we toplamak däl-de, paýlaşmak hem bermekdigini" görkezendigini aýtdy.

"Geliň biz özümize sorag bereli: Maňa bu maddy zatlaryň we durmuşyň çylşyrymly usullarynyň ählisi dogrudanam gerekmi? Men zerur bolmadyk bu artykmaçlyklar bolmazdan has sada ýaşap bilerinmi?" diýip Papa Fransis aýtdy.

25-nji dekabrda Kristmas güni Papa şähere we tutuş dünýä niýetlenen "Urbi et Orbi" ýüzlenmesini eder.

Fransis Latin Amerikadan gelip çykan ilkinji Rim Papasydyr. Garyplaryň ýagdaýy onuň ileri tutýan meseleleriniň biri.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG