Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur sosial media saýtlaryny petikli saklaýan Türkmenistan özüniň ýerli sosial toruny işe girizdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda “Biz bärde” atly täze sosial tor işe girizildi. Bu barada “Media Türkmen”  maglumat agentliginiň orient.tm saýty 23-nji dekabrda habar berdi

Habardan mälim bolşuna görä, toruň tanyşdyrylyş dabarasyny Aşgabadyň “Sungat eseri” atly döredijilik merkezi gurady. Dabara paýtagtyň “Türkmenistan” konsert zalynda geçirildi.

“Biz taslamamyz ulanyjylaryň göwnünden turar ýaly, onuň üstünde köp işledik. Biz munuň üçin köp kynçylyklara duçar bolmaly bolduk. “Biz bärde” ideal däl, ýöne köp parametrler boýunça ol Türkmenistanda meşhur beýleki meňzeş ulgamlardan galyşmaýar” diýip, habarda “Sungat eseri” döredijilik merkeziniň baş müdiri Eziz Beknazarowyň sözleri getirilýär.

Android platformada toruň ykjam tilsimini 5 müňden gowrak adam indiripdir. “Orientiň” habarynda aýdylmagyna görä, 3 müňe golaý ulanyjy saýty yzygiderli ulanýar.

Bu sosial ulgamyň üsti bilen ulanyjylar öz aralarynda hat alşyp, birek-birege faýl ugradyp bilýärler, şeýle-de köpçülige açyk post döredip, olara surat wideo ýa-da beýleki faýllary berkidip bilýärler. Saýtda onlaýn aluw-satuw bilen meşgullanmaga-da mümkinçilik döredilýär.

Sosial toruň Düzgünnamasynda, oňa agza bolmaga isleg bildirýän ulanyjynyň azyndan 13 ýaşyny dolduran bolmagy talap edilýär. Şeýle-de, ulanyjy öz hasabyndan paýlaşan maglumatlaryna degişli jogapkärçiligi öz üstüne alýar.

Türkmenistanda täze döredilen “Biz bärde” atly sosial tor öz adynyň gysgagaltmasyny “bb” diýip tutýar.

Ýurtda ýerli sosial ulgam ilkinji gezek döredilmeýär. Mundan ozal, arzuw.com atly sosial ulgam döredildi, ýöne onuň ömri gysga boldy. Ýaşlaryň arasynda mundan 2-3 ýyl ozal işjeň ulanylan ýerli ertir.com saýty hem häzir ýapyklygynda galýar. Ony açmaga synanyşylanda ekranda “bu websaýt petikli. 2009-2017” diýen ýazgy peýda bolýar.

Türkmenistanda Facebook, Twitter, VKontakte we Odnoklassniki ýaly dünýä meşhur sosial saýtlar, şeýle-de WhatsApp, Telegram, WeChat we şuňa meňzeş tilsimler petikli bolmagynda galýar. Türkmenistanda häzirki wagtda IMO messenjer giňden ulanylýar.

Mundan ozal, Türkmenistanda häkimiýetleriň sosial ulgamlarda Türkmenistan barada tankydy maglumat çap edýän adamlary yzarlaýandygy, olary “gürrüňdeşlige” çagyrýandygy barada maglumat berlipdi.

Ýurtda 2014-nji ýylyň dekabr aýynda “Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” kanun kabul edildi.

Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy (ISO 3166-2) Türkmenistanda “.tm” domenini berdi. Agzalýan Internet kanunçylygynda bu domen birinji derejeli milli domen hökmünde tassyklanýar. “Biz bärde” saýtynyň domeni hem “.tm” bilen gutarýar.

Täze saýta Türkmenistanyň “Türkmentel” aragatnaşyk kompaniýasy hosting hyzmatyny hödürleýär. Bu saýtyň maglumat bazasy Türkmenistanyň öz serwerlerinden dolandyrylýar.

Halkara hukuk goraýjy toparlaryň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistanda Internetiň döwlet tarapyndan ýiti çäklendirilýändigi tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG