Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda häkimiýetler ilat arasynda gürrüňdeşlik geçip, Internetde ýurdy “garalamazlygy” ündeýär


Internet ulanyjy. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Internet ulanyjy. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň paýtagtynda özleriniň haýsy edara degişlidigini aýtmazdan, häkimiýetler mekdeplere we sport bilen bagly edaralara aýlanyp, adamlara Internetiň üsti bilen ýurduň daşyna negatiw maglumatlary ibermezlik barada berk duýduryş berýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi 19-njy aprelde gizlinlik şertlerinde habar berdi.

Читайте также на русском

“Olar özleriniň haýsy edaradan gelýändigini aýtmaýarlar, ýöne adamlar olaryň “organa” degişlidigini anyk bilýär. Olar telefonlary barlaýarlar; IMO, Gmail ýa-da beýleki tilsimler arkaly daşary ýurtlara Türkmenistandaky işsizlik barada, iş orunlarynyň kemeldilmegi, adamlaryň tölegsiz iş rugsadyna ugradylmagy, harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy we şuňa meňzeş beýleki problemalar barada maglumat ibermezlik boýunça berk duýduryş berýärler” diýip, çeşmämiz habar berdi.

Şeýle-de, Azatlygyň çeşmesi öz ýetiren maglumatlarynda agzalýan duýduryşlaryň ýurtda Internetiň tizliginiň birden peselýän wagtyna, köpsanly saýtlaryň bloklanýan pillesine gabat gelendigini-de nygtady. “Olar “ýurdy garalamazlyk” we “patriotizm” barada gürrüň edýärler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmenistanyň güýç gulluklarynyň ilat arasynda Interneti “ünsli” ulanmak barada gürrüňdeşlik geçmegi indi täzelik däl. Galyberse-de, ýurtdan gowuşýan habarlardan çen tutulsa, häkimiýetleriň adamlaryň mobil telefonlaryny ellerinden alyp, olaryň içini barlamagy adaty çärelere öwrülip barýar.

Ýöne agzalýan gürrüňdeşlikleriň “täze tolkunynda” bellärlikli bir ýagdaý bar, ýagny bu saparky geçirilýän “duýduryş” çärelerinde, adamlara Türkmenistan barada öňe sürülýän negatiw maglumatlary diňe bir daşary ýurtda hereket edýän habar saýtlaryna däl-de, eýsem dost-ýarlar, dogan-garyndaşlar bilen hat ýazyşanda-da ýurtda bolup geçýän negatiw hadysalar barada gürrüň etmezlik tabşyrylýar. Bu barada paýtagtdaky çeşme aýratyn nygtaýar.

Ýöne tehnologiýa boýunça halkara ekspertleriň aýtmagyna görä, Internet ulgamlarynyň ygtybarly torlarynyň howpsuzlygy üpjün etmekde ýeten derejesi, hukuk goraýjy guramalaryň täze halkara tendensiýa öwrülip barýandygyny öňe sürýän awtoritarçylygyň dünýäniň islendik ýerindäki basyşlaryna garşy çykardan ejiz däl.

Mysal üçin aýdylanda, golaýda Orsýetde häkimiýetler iň ygtybarly sosial torlardan biri hasaplanýan “Telegramma” tilsimini döwlet derejesinde çäklendirmäge synanyşan bolsa-da, bu ulgamyň häzirki wagtda Russiýada bökdençsiz işleýändigi habar berilýär.

Şol bir wagtyň özünde, tehnologiýa ugrundan ussatlaşan halkara ekspertler internet ulanyjylaryň häkimiýetleriň “syýasy matlaply” basyşlaryndan we “üznüksiz” “esassyz” yzarlamalaryndan hüşgärlik bilen halas bolmak üçin, wirtual giňişliklerde howpsuzlyk tunellerine sygynmagy maslahat berýärler. Meselem, VPN ýa-da Proxy ulgamlaryny, şeýle-de türkmen internet ulanyjylary üçin hususan-da “Tor” brazuerini ulanmagy maslahat berýärler.

Mundan ozal Azatlyk Radiosy Internet tilsimleri bilen baglylykda, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň digital howpsuzlyk boýunça eksperti Michal Rysiek Wozniak bilen gürrüňdeş bolup, onuň dowamynda ekspert interneti howpsuz ulanmak üçin, “Tor” brauzerini ulanmagy ýa-da ShadowSock atlandyrylýan, internet älemindäki saýaly ýaly giňişliklere sygynmagy maslahat beripdi we ShadowSock tehnologiýalarynyň internete girilýän saýtlara adaty HTTPS ýaly, howpsuzlyk maskasyny geýdirýändigini gürrüň beripdi.

Ýatladyp geçsek, 18-nji martda Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde habarlaşan daşoguzly çeşme hem häkimiýetleriň şäherdäki bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň telefonlaryny ýygnap, olary ilik-düwme barlaýandygyny habar beripdi.

28-nji martda Aşgabadyň aeroportynda daşary ýurtdan baran käbir raýatlaryň telefonlarynyň elinden alnyp, jikme-jik barlanýandygy we eýeleriniň hem telefondaky zatlar barasynda ýörite soraga çekilýändigi habar berlipdi.

“Human Rights Watch”, “Freedom House” ýaly halkara hukuk goraýjy guramalary Türkmenistanda hökümetiň interneti ýiti çäklendirýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG