Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bu gezek nemes dilinde aýdym aýdan Berdimuhamedow ýene görenleri ‘haýrana goýdy’


Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim Berdimuhamedow bilen 21-nji dekabrda Täze ýylga bagyşlanan dabara gatnaşdy hem-de türkmen we nemes dillerinde aýdym aýtdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji dekabrda döwlet telewideniýesinde  nemes dilinde aýdym aýtdy. Döwlet telewideniýesiniň maglumatlaryna görä, ol bu çykyşyny ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli geçirilen dabarada ýerine ýetirdi.

“Durmuş neneň owadan” diýen sözler bilen başlanýan bu aýdym häzirki wagtda diňe bir ýurt içinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da diňleýjileriň ünsüni çekýär. Dünýäniň iri habar serişdeleri, şol sanda Russiýanyň “Russia Today” telekanaly Berdimuhamedowyň nemes dilinde aýdan täze aýdymy barada dünýä jemgyýetçiligini habarly etdi.

21-nji dekabrda prezident Berdimuhamedow döwlet telewideniýesindäki aýdym-sazly soňky çykyşyny agtygy Kerimguly Berdimuhamedow bilen bilelikde ýerine ýetirdi.

Onuň ýerine ýetiren aýdymy sosial media ulgamlarynda, şol sanda Twitterde dürli teswirler bilen paýlaşylýar. Türkmen prezidentiniň nemes dilinde ýerine ýetirýän täze aýdymy barada maglumat paýlaşýan dürli milletleriň wekilleri aýdym-saza tomaşa edip, özlerde dörän duýgulary haýran galmak bilen beýan edýärler.

“Türkmenistanyň prezidenti dünýäde bir ajaýyp, akgöwünli maksada hyzmat edýär. Ol hemmelere hemme zadyň mundan-da has beter erbet bolup biljekdigini ýatladýar” diýip, Bahti Nişanow atly Twitter ulanyjysy ýazýar.

Courtney Fingar atly ulanyjy wideonyň aşagyna “Bu ajaýyp” diýen ýazgy galdyrypdyr.

“Ýöne näme üçin ol nemes dilinde aýdym aýdýarka” diýip, beýleki bir Twitter ulanyjysy logika ýöretjek bolýar.

Aýdym “ýakymly heňi, kalplary tolgundyrýan sözleri bilen ähli diňleýjilerde unudylmajak täsir galdyrdy” diýip, Türkmenistanyň döwlet metbugaty aýdymyň waspyny ýetirýär.

“Bu Merkezi Aziýa ýurduna prezidentlik etmek ýadadýan iş, ýöne bu işde görnüşinden öz güýmenjäň bilen meşgullanmaga wagt tapsa bolýar” diýip, Russia Today telekanalynyň internet neşiri prezidentiň aýdan soňky aýdymyny tewsirleýär.

“Ýurda üç möhletden bäri baştutanlyk edýän ýolbaşçy Yamaha pianinoda saz çalyp, bir tarapdan türkmen, iňlis we, görnüşinden, nemes dilinde aýdym aýtdy, ýöne gürrüňsiz bu kyn boldy. Beýleki näbelli sesleriň arasynda nemes dilinde aýdylan käbir sözleri anyk eşitse bolýar” diýip, Russia Today türkmen prezidentini taryplaýar.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri prezidentiň täze ýerine ýetiren aýdymynyň wideosyny YouTube kanalynda goýdy. Geň ýeri, haçan-da prezident nemes dilinde aýdyma başlanda Germaniýa Federatiw respublikasynyň kansleri Angela Merkeliň aljyraýan keşbi wideonyň arasynda ýarym sekuntlyk peýda bolýar.

Russia Today prezidentiň nemes dilinde ýerine ýetiren aýdymyny Twitterde paýlaşyp, onuň aşagynda Angela Merkeliň gülüp, kellesini kakýan wideosyny ýerleşdirdi.

​Mundan ozal, Berdimuhamedow türkmen we rus dillerinde aýdym aýdypdy. Hatda onuň rus dilinde ýerine ýetiren “Garagum” atly aýdymy Özbegistanyň Zor TW telekanalynda geçirilen hit-paratda ses aldy.

Sosial mediadaky degişli maglumatlardan çen tutulsa, görnüşinden, prezident Berdimuhamedowyň täze aýdymyny diňläp oňa tomaşa edenler näme sebäpden onuň nemes dilinde aýdym aýdandygy bilen içgin gyzyklanýan çemeli.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylda Berline sapar edip Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen duşuşdy.

2018-nji ýylyň iýul aýynda “The Economist” neşiri Türkmenistanyň Germaniýadaky banklarda 23 milliard dollarynyň bardygyny, ýöne bank hasaplaryň eýeleriniň nämälimdigini habar berdi.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär. Halkara media serişdelerinde prezidentiň aýdýan aýdymlary ýa-da onuň beýleki güýmenje maksatly çykyşlary has giň meşhurlyga eýe bolýar.

Abraýly halkara hukuk toparlary Türkmenistanda adam hukuklarynyň, şol sanda metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň gözgynydygyny aýdyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG